Ï Ýüwrük alpinistler ýokarlygyna ylgap çykmakda bäsleşdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýüwrük alpinistler ýokarlygyna ylgap çykmakda bäsleşdiler

view-icon 1655
Ýüwrük alpinistler ýokarlygyna ylgap çykmakda bäsleşdiler
Ýüwrük alpinistler ýokarlygyna ylgap çykmakda bäsleşdiler
Ýüwrük alpinistler ýokarlygyna ylgap çykmakda bäsleşdiler
Ýüwrük alpinistler ýokarlygyna ylgap çykmakda bäsleşdiler
Duşak-Erikdagyň aralyk belentlikleriniň biri bolan Harlasaňa (1643 metr) ylgap çykmak (Vertical Kilometer derejeli) alpinizmi boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň üçünji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň Büzmeýin etrap häkimliginiň ýardam bermeginde «Agama» alpinistler klubunyň guran ýaryşy Skaýrinning halkara federasiýasynyň düzgünlerine görä geçirildi.

Ýaryşa gatnaşan 56 türgeniň 31-si bellenilen wagtda pellehana geldiler. Ýaryş bilen bir wagtda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna we Halkara syýahatçylyk gününe bagyşlanan daga köpçülikleýin çykmak çäresi geçirilidi, oňa 4 ýaşdan 77 ýaşa çenli işjeň dynç alşy halaýanlar gatnaşdylar.

Ýokaryk ylgap çykmak boýunça ýaryş başlanandan bir sagat geçensoň bäsleşigiň ýeňijileri belli bolup ugrady. Belentlige çykmaklyga güýç synanşanlardan tejribeli türgen, şeýle ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi, sport ussady Alekper Ahmedow bu aralygy 1 sagat 4 minutda geçip, rekord netije bilen Harlasaňa ilkinji bolup geldi.

Ýeňijiden 10 minut giç pellehana gelen Agadurdy Hydyrow ikinji, ýeňijilerden biraz pes netije görkezen Alekseý Galimow üçünji orny eýelediler. Bellenilen aralygy 1 sagat 20 minutda geçen Nikita Abduwaliýew tejribeli türgenlere mynasyp bäsdeş boldy.

Zenanlaryň arasynda Týan-Şan dagynyň Han-Teňri atly ýedi müň metrlik belentligine çykmak boýunça ýaryşa gatnaşan Anastasiýa Loskarýowa öňe saýlandy. Ol ýakyn bäsdeşi – paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdebiniň talyby Gözel Ataýewadan 16 minut öň pellehana geldi. Ondan bir minut pes netije görkezen on alty ýaşly Zlata Medwedewa üçünji orna düşdi. Skaýrinning boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň dördünji tapgyry dekabr aýynda geçiriler.