Ï Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary dabaraly sylaglamak çäreleri guralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary dabaraly sylaglamak çäreleri guralar

view-icon 1413
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamagy üpjün etmäge borçly edildi.