Aşgabatda çagalaryň arasynda emeli gaýa çykmak boýunça festiwal geçirildi

01.06.2020
eye
365

«Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki emeli gaýada (gaýa meýdançasynda) geçirilen sport festiwaly Çagalary goramagyň halkara gününe işjeň dynç alşy halaýan çagalar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar Gaznasynyň we «Berkarar» SDM-niň goldamagynda «Agama» alpinistler klubynyň guramagynda geçirilen ýaryşa ýaşajyk daga çykyjylar gatnaşdylar, olaryň ata-eneleri höwesli çagalary joşgunly goldadylar.

Ygtybarly gorag bilen dik gaýa çykmaga ýaşy 4-den 14-e çenli türgenleriň ýetmişden gowragy goýberildi, ýaryşyň guramaçylary olar üçin dürli çylyşyrymlykdaky ugurlaryň on ikisini taýýarlaldylar. Ýaş türgenler, şol sanda iň kiçijik topardakylar hem päsgelçilikli dik gaýa çykmagyň hötdesinden geldiler.

Ýaryş tamamlanandan soň festiwala gatnaşanlara «Agama» alpinistler klubynyň sertifikatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar Gaznasynyň hem-de «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Çagalaryň arasynda gaýa çykmak boýunça festiwal on ýyldan gowrak wagt bäri geçirilýär, ol alpinistleriň köpüsi üçin dag sporty görnüşlerini ele almakda badalga boldy.