mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kanuny <br> Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 716
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Ýarag hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 78-nji madda; 2012 ý., № 3, 65-nji madda; 2015 ý., № 2, 63-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda, № 2, 103-nji madda; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda) 7-nji maddasynyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda; 2018 ý., № 2, 37-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 92-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda):

8-nji maddada:

üçünji bölekde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi, beýleki ministrlikler,» diýen sözleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, degişli ministrlikler we» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň» diýen sözleri aýyrmaly;

16-njy maddanyň ikinji böleginiň 5-nji bendinde «ene-ata» diýen sözi «ata-ene» diýen söze çalşyrmaly.

3. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda):

18-nji maddanyň birinji böleginiň 27-nji bendinde «operatiw agtaryş» diýen sözleri «dessin-agtaryş» diýen söze çalşyrmaly;

Kanunyň ýazgysynda «sosial», «operatiw-agtaryş», «operatiw-söweşjeň», «operatiw», «operatiw-gulluk» we «operatiw-derňew» diýen sözleri degişlilikde «durmuş», «dessin-agtaryş», «dessin-söweşjeň», «dessin», «dessin-gulluk» we «dessin-derňew» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 268-VI.