I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 112-nji madda, № 4, 134-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda, № 4, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 48-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda; 2024 ý., № 3, 26-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1) 8-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji we 7-nji bentlerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
2) 23-nji maddanyň ikinji böleginde «, şol sanda,» diýen sözleri aýyrmaly;
3) 30-njy maddanyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde «şahslara» diýen sözden soň «ýa-da bellenen tertipde bellige alnan hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslara» diýen sözleri goşmaly;
4) 135-nji maddanyň üçünji böleginde «ondan» diýen sözi «işgärden» diýen söze çalşyrmaly;
5) 176-njy maddanyň birinji böleginde we ikinji böleginiň birinji tesiminde, 189-njy maddanyň adynda we 3-nji bendinde we 190-njy maddanyň birinji böleginde «gazlaşdyrylan duzly suw» diýen sözleri «duzlandyrylan gazly suw» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 180-nji maddanyň üçünji böleginde «güwänama (howpsuzlyk güwänamasy)» diýen sözleri «sertifikat (howpsuzlyk sertifikaty)» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 198-nji maddanyň altynjy böleginde «güwänamalary» diýen sözi «sertifikatlary» diýen söze çalşyrmaly;
8) 241-nji maddada:
bäşinji bölekde «zähmet şertnamasy» diýen sözlerden soň «wagtlaýyn» diýen sözi, «bolmasa,» diýen sözden soň «(göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsady resmileşdirendigine garamazdan)» diýen sözleri goşmaly;
altynjy bölekde «gutarmagy bilen» diýen sözleri «gutarmagyna çenli» diýen sözlere çalşyrmaly;
9) 293-nji maddanyň birinji böleginde «şahsda» diýen sözden soň «ýa-da bellenen tertipde bellige alnan hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahsda» diýen sözleri goşmaly;
10) 406-njy maddanyň üçünji we dördünji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler.
4. Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň çäk birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.