I. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 74-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2015 ý., № 1, 45-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2020 ý., № 1, 15-nji madda, № 4, 83-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 3, 75-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«61-njy madda. Pul amallarynyň monitoringi
1. Pul amallarynyň monitoringi (mundan beýläk — monitoring) amala aşyrylýan pul amallarynyň Türkmenistanyň pul kanunçylygyna laýyklygyny kesgitlemek, onuň netijeliligine baha bermek, pul amallary barada maglumatlary ýygnamak we seljermek maksady bilen geçirilýär.
2. Monitoring Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dahyllylardan — pul amallaryna gatnaşyjylardan we pula gözegçilik edýän agentlerden maglumat almak arkaly amala aşyrylýar.
3. Monitoring geçirmegiň, dahyllylardan — pul amallaryna gatnaşyjylardan we pula gözegçilik edýän agentlerden maglumatlary almagyň (şol sanda sanly ulgam arkaly) tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.»;
2) 30-njy maddada:
adynda we birinji bölekde «Pula gözegçilik edýän edaralar» we «pula gözegçilik edýän edaralar» diýen sözleri, degişlilikde, «Pula gözegçilik edýän edara» we «pula gözegçilik edýän edara» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanda pula gözegçilik edýän edara bolup durýar.»;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň pul kanunçylygyny berjaý etmegiň meseleleri boýunça barlaglary geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulandygy üçin ulanylýan maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini salmagyň, olar barada hasabat bermegiň Tertibini kesgitleýär.»;
3) 32-nji maddada:
adynda we birinji bölegiň birinji tesiminde «Pula gözegçilik edýän edaralaryň» diýen sözleri «Pula gözegçilik edýän edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölekde:
birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«Pula gözegçilik edýän edaranyň öz ygtyýarlygynyň çäginde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylara hukugy bardyr:»;
2-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«2) özi ýa-da pula gözegçilik edýän agentler tarapyndan ýüze çykarylan Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini ulanmaga;»;
4) 36-njy maddada:
ikinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan şu Kanunyň düzgünleriniň bozulmagy pula gözegçilik edýän edara tarapyndan dahyllylara we dahylsyzlara, degişlilikde, şu aşakdaky görnüşde maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň salynmagyna getirýär:»;
üçünji bölekde «Dahyllynyň» we «dahyllynyň» diýen sözlerden soň, degişlilikde, «we dahylsyzyň» we «hem dahylsyzyň» diýen sözleri goşmaly;
dördünji bölekde:
birinji we soňky tesimlerde «dahyllylara» we «dahyllylary» diýen sözlerden soň, degişlilikde, «we dahylsyzlara» we «we dahylsyzlary» diýen sözleri goşmaly;
1-nji bentde «pula gözegçilik edýän edaralaryň» diýen sözleri «pula gözegçilik edýän edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölegiň birinji tesiminde «Pula gözegçilik edýän edaralar» diýen sözleri «Pula gözegçilik edýän edara» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) Kanunyň ýazgysynda «pula gözegçilik edýän edaralaryň», «pula gözegçilik edýän edaralar», «Pula gözegçilik edýän edaralar», «Pula gözegçilik edýän edaralaryň» we «pula gözegçilik edýän edaralara» diýen sözleri, degişlilikde, «pula gözegçilik edýän edaranyň», «pula gözegçilik edýän edara», «Pula gözegçilik edýän edara» we «Pula gözegçilik edýän edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.