Türkmenistan welotrek boýunça dünýä birinjiligine taýýarlyk görýär

23.10.2020
eye
396
Türkmenistan welotrek boýunça dünýä birinjiligine taýýarlyk görýär
Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berlişine görä, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy, bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda wise-premýer M. Geldinyýazow 2021-nji ýylda Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Kararyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklibi beýan etdi. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy.