Ï Dokma matalaryň ornuna -- dokalmaýan matalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dokma matalaryň ornuna -- dokalmaýan matalar

view-icon 6642
Dokma matalaryň ornuna -- dokalmaýan matalar
Dokma matalaryň ornuna -- dokalmaýan matalar
Dokma matalaryň ornuna -- dokalmaýan matalar
Dokma matalaryň ornuna -- dokalmaýan matalar
«Тürkmen Senet» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matadan – spanbonddan tikilen harytlar firma dükanyny açdy. Bu ýerde täze görnüşli sintetiki matalary çykarmak ýola goýlan kärhananyň tikinçilik sehiniň önümleri satylýar.

Kuwwatlylygy ýylda 2,5 müň tonna önüm çykarmaga niýetlenen zawod daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýurdumyzda ýola goýmak maksatnamasynyň çäklerinde dokalmaýan mata üçin çig mal hökmünde süýüm döredýän polimerleri, hususan-da, Türkmenbaşynyň NGIZT-da we Gyýanlydaky polimer zawodynda çykarylýan polipropilen ulanýan ýokary netijeli ekologiýa taýdan arassa önümçilik hökmünde Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda guruldy.

Bu ýerde polimer çig maldan gymmat dokma matanyň ornuny tutýan we syk, berk, eplenmä, sürtülmä durnukly, howany gowy geçirijiligi ýaly ýokary sypatlary bolan aýratyn gurluşly mata alynýar.

Kärhana eýýäm dürli inli we reňkli rulon görnüşli müň tonnadan gowrak spanbond çykardy. Olaryň arasynda dürli dykyzlykdaky, berlikdäki we dürli maksatlara niýtlenen dokalmaýan matalar bar. «Тürkmen Senet» hojalyk jemgyýeti eýýäm Türkmenistanyň «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ykrar edilip, kärhana laýyklyk sertifikaty berildi.

Täze matadan kärhanada daşlyklar, hojalyk torbalary, paketler, saçaklar, öňlükler, zenanlar we çagalar gigiýenasy serişdeleri taýýarlanylýar. Gerekli atributika basmak üçin çap edýän enjam ulanylýar. Sehde söwda kärhanalarynda önümleri gaplamak üçin ekopaketleri çykarýan awtomatlaşdyrylan enjam işe girizildi.

Täze önüme esasy tabşyryk beriji -- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Saglyk» kärhanasydyr. Bu ýerde spanbonddan bir gezek ulanylýan lukmançylyk ýektaýlarynyň, gorag örtükleriniň, bahillalaryň, operasiýa bölümleri üçin bir gezek ulanylýan komplektleriň çykarylyşy ýola goýuldy. Telekeçiler täze matany eýýäm Türkiýä, Hytaýa, Russiýa Federasiýasyna eksport etdiler.

Telekeçiler ýakyn wagtda meltblaun – galyňlygy 0,01 dtexden 0,2 dtexe çenli polipropilen süýümlerden ybarat, ýokary sorujylyk sypatly mata önümçiligini özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar, bu bolsa onuň düzümindäki kompozit serişdeler biologik taýdan işjeň suwuklyklary, ýaglary, himiki maddalary geçirmeýär.