Ï Talyplaryň aň-paýhas bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň aň-paýhas bäsleşikleri

view-icon 3651
Talyplaryň aň-paýhas bäsleşikleri
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dürli aň-paýhas çärelerini guraýar. Golaýda HYYweÖU Türkmenistanyň Bilim minisitrligi bilen bilelikde döwlet derejesinde filosofiýa we ykdysadyýet boýunça onlaýn olimpiadalaryň ikisini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi.

Olimpiadalara okuw maksatnamalarynda ýokarda agzalan ylymlar bolan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem isleg bildirýänleriň ählisi – filosofiýany we ykdysadyýeti özbaşdak öwrenýänler çagyryldy. Umuman, bu olimpiada HYYweÖU-niň iuhd.edu.tm internet-sahypajygynda hasaba duran ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-syndan talyplaryň ýarym müňden gowragy gartnaşdy. Ykdysadyýet boýunça olimpiada gatnaşmaga talyplaryň 350-si, filosofiýa boýunça-da – 160-sy isleg bildirdiler.

Olimpiadalaryň barşynda meseleleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň aýanlygy we emin agzalarynyň çözgüdiniň adalatly bolmagy üçn oňa gatnaşýanlaryň her biriniň alyp barýan işi onlaýn-düzgünde görkezildi.

Çäräni guran uniwersitetiň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, şeýle çärelere gatnaşýanlaryň sany barha artýar, talyplaryň işjeňligi, olaryň öz bilimini, döredijilik we intellektual ukybyny açyk görkezmäge höwesi begendirýär. Mundan başga-da, şeýle onlaýn-duşuşyklaryň çäklerinde okatmagyň sanly binýadynyň işleýşi, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň çägi giňelýär, bu bolsa milli bilim ulgamynyň häzirki ösüşiniň wezipelerine laýyk gelýär.

Ykdysadyýet boýunça olimpiadanyň jemi boýunça talyplaryň 33-si birinji orna mynasyp boldular, olaryň 15-si HYYweÖU-niň wekilleridi. Şeýle hem birinji ýer Türkmen döwlet energerika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiniň we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynň talyplaryna berildi. Talyplaryň 51-si ikinji, 71-si -- üçünji orny eýelediler.

Filosofiýa boýunça onlaýn-bäsleşikde-de HYYweÖU-niň talyplary öňe saýlandyalr, olara birinji orunlaryň 7-si berildi. Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplarynyň hem 6-sy tapawutlandylar, ýene iki ýeri Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary eýelediler.

Şol olimpiadalaryň öňüsyrasy HYYweÖU-niň we ýurdumyzyň Bilim minstrliginiň başlangyjy bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary intellektual onlaýn-battla – hytaý dili boýunça olimpiada gatnaşdyalr. Oňa paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň 4-sinden - HYYweÖU-den, Magtymguly adyndaky TDU-dan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutyndan hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndan 60-a golaý talyp gatnaşdy.

Olimpiada iki ugur – hytaý dilini suwara we dürli derejede bilýän talyplar üçin geçirildi. Birinji ugurda Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Sabina Şöhratjanowa Baş baýraga mynasyp boldy. Şol ýokary okuw mekdebinden Jeren Seýitmyradowa birinji ýer berildi. Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary – Jennet Mämmetweliýewa, Sähra Taňryberdiýewa we Begli Rustamow hem birinji orny eýelediler. Bäsleşige gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 6-sy ikinji we 11-si üçünji orna düşdiler.

Ikinji ugur boýunça olimpiadada berlen 5 ýeriň 3-sini HYYweÖU-niň, 2-sini Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary eýelediler. 10 adama ikinji we üçünji ýerler beridli.

HYYweÖU-niň wekilleriniň aýtmagyna görä, şu ýyl hem dürli ugurlarda olimpiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar, olarda talyplarymyza tolgundyryjy we gyzykly duşuşyklar garaşýar.