Ï Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok

view-icon 3003
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Roždestwo ýyldyzy heniz-ä güllänok
Güneşi azlyk edýän şu ýylyň sowuk gyşy diňe bir adamlaryň durmuşyna däl, eýsem ösümlikleriň ösüşine-de täsirini ýetirdi. Mysal üçin, Aşgabadyň botanika bagynyň ýyldaşhanasynda roždestwo ýyldyzy – puansettiýa henizem gülläberenok. Watany Meksikanyň we Merkezi Amerikanyň daglyk sebitleri bolan ýyldyza meňzeş ýiti gyzyl reňkli gülli bu ösümlik aslynda dekabr aýynda, roždestwo baýramyna gülleýänligi sebäpli oňa il içinde şeýle at berlipdir.

Puansettiýa diňe bir dag gaýalarynda däl, eýsem öýde hem gowy ýetişýär. Halk arasynda onuň mistiki häsiýeti bar diýilýär. Meselem, öýde ýüregi gara adam bolsa, ol saralyp ugraýar, asla onuň guramagam mümkin. Şeýle hem puansettiýaly küýzejigi ýaş çatynjalaryň otagynda goýsaň, ol çaltrak bäbäek dogulmagyna we ýaşlaryň agzybir ýaşamagyna ýardam edýärmiş diýilýär.

–Tebigatda şeýle ýagdaý köp duşýar – eger güli owadan bolsa, ýapragy görksizräk, ýa-da tersine bolýar – diýip biologik gözegçilik we tohumlar gorunyň müdiri Gülzar Bazarowa gürrüň berýär. – Puansettiýa hem munuň anyk mysaly. Hiç bir göze ilmeýän bu ösümlik roždestwo baýramyna asla tanar ýaly bolmaýar.

Suratçymyz Süleýman Çaryýew ýaňy üçden biri açylan iň uly güli surata düşürdi. Gülzar Bazarowa deňeşdirer ýaly kompýuterden gülüň geçen ýylky suratyny görkezmäge söz berýär.

–Sowuk günlerimizde beýleki ösümlikleriň ýagdaýy nähili?

–Her hili. Mysal üçin, waşingtoniýa palmasy üýtgewsiz ýylboýy gülläp otyr.

Aşgabadyň botanika bagynyň gülhanasynda palmalaryň sekiz görnüşi (nepis hamedoreýa, hamerops, kanar hurmasy, barmakpisint hurma, waşingtoniýa, waşingtoniýa sapakly, sabal, trahikarpus) bar. Umuman dünýäde olaryň 2700 görnüşiniň ösýändigini indi bilip galdym. Zeminde palmalaryň ösüşi üçin oňaýly iri ýerleriň ikisi bar – olar Braziliýada Amazonka derýasynyň töweregi we Malaý arhipelagynyň adalarydyr. Introduksiýada (olaryň asly ösýän ýerinden ozal hiç wagt ösmeýän ýerine göçürilende) palmalaryň sekiziniň uýgunlaşmagy gaty gowy netijedir. Hurma palmalaryndan kanar we hakyky palmalaryň ilkinji oturdylanlary saklanyp galypdyr. Olar 15 ýaşly nahal döwri 1962-nji ýylda ekilipdir, diýmek olar häzir takmynan 77 ýaşynda. Şonda-da olara «garry» diýer ýaly däl. Palmalar henizem ösüp otyr, käbiri häzirem miwe berýär. Olar gülhananyň esasy gahrymanlary. Bular bir jynsly ösümliklerdir. Olar nähili tapwutlandyrylýar? Uly ylmy işgär Ýelena Kuroşinanyň kömegi bilen olary saýgarmagy başardyk, ýöne bu barada soňrak aýdarys. Palmaynyň gülçogdamlaryny görenimde käri boýunça botanik dälleriň näme üçin asla olaryň bardygynam bilmeýändigine düşünip galdym – daragtlaryň guran şahalaryna meňzeş bolup, olar ýelekpisint ýapraklaryň arasynda ýerleşýärler. Bu ýerde şeýle gül dessesini hiç kime sowgat berip bolmaýar diýip degişýärler. Özem olar güýçli tapawutlanýarlar. Enelik görnüşleriniň gülçogdamlarynda tohumy gara tegmil bolup göze ilýär. Olar doly ýetişende ýere gaçýarlar. Onsoň enelik görnüşleriniň töweregi palma tohumlaryndan doly bolsa, atalyk görnüşleriniň ýanynda diňe togalanyp düşenleri görünýär. Indi ortada we sag tarapda enelik, çepde atalyk görnüşleriniň ösüp oturandygyny arkaýyn aýtsa bolar.

Bu ýerde hakyky hurma agajy-da gögerip otyr, onuň şäniksiz datly miwesi bar. Bu enelik palmanyň azyklyk miwesi köpelmekden mahrum.

Botanika bagynda hemişe haýsydyr bir ösümlik gülläp otyr. Indi fewral aýynda ýapon behisi güllemeli, ýöne häzirki gyş şertlerinde onuň hem giç güllemegi mümkin. Biz tebigatyň bu ajap gudraty barada okyjylarymyza gürrüň bermek üçin suratçymyz bilen oňa syn etmäge geleris.