Ï Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçlenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçlenýär

view-icon 3108
«Demirbetonönümleri» kärhanasy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ikinji tapgyryna girişer. Zawodda taýýarlanylan gurluşyk serişdelerinden Senagat köçesinde 32 öýli jaýlaryň on bäşisi bina ediler.

Panelli jaý gurluşygy milli şäherguruluşygy maksatnamasynyň islegli ugrydyr. Büzmeýin etrabynda şu günler gurulýan panelli jaýlar howpsuzlyk talaplarynyň we energiýa tygşytlylygynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýa taýdan kämil binalardyr. Iri panelli jaý gurluşyk iri zawodlarynyň durkunyň täzelenmegi senagat gurluşygyna garaýşy üýtgetdi. Täze senagat tehnologiýalary zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrdy. Kärhanalaryň hünärmenleri demir-beton önümleriniň hilini has-da gowulandyrdylar we olaryň möberini artdyrdylar, olardan paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde iri panelli köpgatly jaýlar guruldy. Hususan-da, geçen ýyl Büzmeýin etrabynda iri panelli jaýlaryň ýigrimisi ulanmaga berildi. Maşgalalaryň 640-sy otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 2-3 otagly giň jaýlara göçüp bardylar. Ahal köçesinde hem 224 öýli köp öýli dört gat jaýlaryň ýene-de ýedisi gurlup, ulanmaga berildi.

Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar. Jaýlaryň arasyndaky ýerler şäherlileriň medeniýetli dynç almagyny guramaga ýokary talaplara laýyk abadanlaşdyrylan. Bu ýerde sport meýdançalary, çagalar oýunlary zolaklary, awtoulaglar üçin wagtlaýyn duralgalar gurulýar. Şäherçede umumy bilim berýän mekdep bina edildi. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde 160 orunlyk çagalar bagy gurlar.

Büzmeýin etrabynda köpgatly jaýlaryň gurluşygy ikinji tapgyr bilen tamamlanmaýar. Köpgatly jaýlaryň ýene-de 13-sini gurmak bilen ýaşaýyş jaý toplumynyň çagini giňeltmek barada karara gelindi. Şeýlelikde, bu ýerde geçen ýyldakydan iki esse köp jaý gurlar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edaralarynyň tabşyrygy boýunça bina edilýär.