Ï Umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki zähmet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki zähmet

view-icon 5218

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy bilen Aşgabat şäher komitetiniň goldamagyndaky  ýurdumyzyň telekeçileriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň şu ýyldaky ilkinji  startap (telekeçilik)-duşuşygy geçirildi.

Adata öwrülen şeýle duşuşyklar  2018-nji ýyldan bäri geçirilýär. Zehinli ýaşlar söhbetdeşligiň temasyny, öz ideýalaryny we işläp taýýarlanlaryny duşuşygyň gün tertibine hödürleýärler, telekeçilik düzümleriniň wekilleri bolsa taslamalara garaýarlar we baha berýärler. Olardan has gowulary ahyrana çenli bilelikde işlenilýär, kämilleşdirilýär we telekeçilik işine ornaşdyrylaýar.

Ýaşlar üçin ol öz kreatiw pikirleriniň şowly telekçilik işinde beýanyny tapmak bolsa, telekeçiler  üçin bolsa innowasion telekeçilik usullary edinip, olary iş ýüzünde ulanmaga ajap mümkinçilikdir. Telekjeçiler bilen duşuşyklara talyplar, ýaş mugallymlar, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri,  tehnologik ösüşiň häzirki şertlerinde ylym bilen çuňňur gyzyklanýan beýleki ýaşlar gatnaşýarlar.

Şu ýylky çäreler möwsüminiň başyny başlan bu startap-duşuşyga Türkmenistanyň Telekommunikasiýlar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýaş mugallymlary we talyplary bileikdäki taslamalaryny hem-de ylmy işläp taýýarlanlaryny hödürlediler.  Hususan-da, telekeçilik birleşmeleriniň wekilleri Merkezzi Aziýa we Hazar sebitlerinde ulag-logistik multimodal geçelgeleriniň işläp  taýýarlamalary, plastik hem-de aýna zibilini gaýtadan işlemek boýunça önümçiligi guramak, Internetden peýdalanyjylaryň işini  kämilleşdirmek üçin kompýuter programmalary bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň işläp taýýarlan işi diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Olar ýokary ýygylykly tok meýdanynda sellýulozany agartmak boýunça enjamyň innowasion nusgasy bilen tanyşdyrdylar. Şu usul ulanylanda dokma senagaty kärhanalarynda bir gije-gündize golaý wagt alýan iş 8-15 sekuntda amala aşyrylýar. Bu telekeçilik meýilnamasynyň durmuşa geçrililip-geçirilmejegini wagt we oňa gatnaşjylaryň täze tematiki duşuşyklary görkezer.

Şeýle duşuşyklara öz zehinini ýüze çykarmaga, ideýalaryny durmuşa geçirmäge, olary pudaklaryň hünärmenlerine görkezmäge höwesek ýaşlaryň barha köpelýändigini aýtmak gerek. Ylmyň dürli ugurlarynda işleýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge doly derejede gatnaşmaga taýýar ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak  döwlet ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem şu ýylyň ýanwar aýynda kabul edilen «2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar maksatnamasy babatda döwlet maksatnamasynyň» möhüm wezipesidir. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde yhlasly ýaşlar, ýaş alymlar  bilen duşuşyklary yzygiderli her aýda geçirmek göz öňünde tutulýar. 


Anastasiýa KASÝANOWA