Ï Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy

view-icon 5942
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy
Öwlüýäguly Möwlamow ussat ýazyjy, mähriban ata, göwnaçyk, şadyýan adamdy

Şu ýylyň 5-nji fewralynda zehinli türkmen ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamow aýatda gezip ýörenliginde 85 ýaş toýuny toýlardy. Ol «Borç», «Şahyryň ýaşlygy», «Lebap säheri», «Ýekäniň çaňy», «Kesapat», «Pygan», «Saýlanan eserler» kitaplaryny çykardy  we beýleki eserleri döretdi.  Şeýle hem  «Kрокодил», «Tokmak» žurnallarynda, «Чарджоуская правда» gazetinde felýetonlardyr ýumoreskalary çykaryp, satira žanrynda-da özüni tanatdy.

Çagalygy uruşdan soňky gabahat ýyllara gabat gelse-de, asly obaly – Halaç etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde doglan   Öwlüýäguly ýumory inçelik bilen syzýan, ýagşy bilen ýamany saýgarýan adam bolup ýetişdi. Onuň okan oba mekdebi Rehmet Seýidowyň adyny göterýärdi. Köpler tarapyndan  döredijiligi Sergeý Ýeseniniňkä meňzedilen bu şahyr Öwlüýäguly Möwlamowyň hak daýysydy. Öwlüýäguly hem heniz mekdepde okaýan döwri edebiýaty halaýandygyny aňypdy. Şonuň üçinem mekdebi tamamlandan soň ikirjiňlenmezden Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Heniz talyp döwri Öwlüýäguly Aşgabatda neşir edilýän gazetlere barardy, ol ýaş žurnalistlerdir ýazyjylar bilen tanyşlyk açýardy. Öz eserlerini hem  çap etdirip ugrapdy. Ýazyjynyň hoşgylawlygy we sypaýylgyy onuň eserlerinde ýüze çykýardy.

Ol zähmet ýoluna «Türkmen döwlet neşirýatynda» redaktorlykdan başlaýar, soňra «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär, «Tokmak»  satira žurnalynda ýörüte habarçy bolup işleýär, «Крокодил» žurnaly bilen ýakyn gatnaşykda bolýar.  Öwlüýäguly Ýazyjylar birleşiginiň Lebap welaýaty boýunça edebi maslahatçysy bolup işlän döwri ýaş ýazyjylara ýakyndan goldaw beripdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky welaýat Döwlet sazly-drama teatrynyň çeperçilik geňeşiniň agzasy hökmünde sahnalaşadyrylýan spektakllara syn bilen çykyş edýär.

Öwlüýäguly Möwlamowyň şahsy arhiwinde ýazyjylaryň onuň döredijiligi barada seslenmeleri saklanyp galypdyr. Mysal üçin, ine, Bolgariýadan ýazyjy Swetoslaw Kolewiň haty: «Men Siz ýaly täsin awtor bilen tanşanyma örän şat. «Отечествен фронт» atly bolgar neşirýatynyň tabşyrmagy bilen häzirki zaman dünýä ýumorynyň  we satirasynyň antologiýasyny taýýarlaýaryn. Onda türkmen ýumoryndan Siziň «Altyn minutlar» atly eseriňiz ýerleşdiriler».

Bu bolsa, tankytçy, professor Öde Abdyllaýewiň haty:

« Öwlüýäguly Möwlamowyň  «Daň sazy», «Kepderiniň aýdymy», «Ahmyr» powestlerini we köp sanly hekaýlaryny okanyňda, onuň ýagşy-ýamany, tebigat gözelligini inçeden syzýan ýazyjydygy aç-açan duýulýar. Aýratyn hem onuň satiradyr ýumoryň şiresine ýugrulan hekaýalary has-da göwnüňden turýar».

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarow bolsa şeýle ýazýar: « ... Öwlüýäguly Möwlamow öz eserleriniň baş gahrymanlarynyň häsiýetini açmaga ökde. Onuň eserleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýän şahyrana duýgylary bolsa dogduk Lebabynyň gözel tebigatyny çeper dilde beýan etmegine ýardam edýär. Bu babatda Öwlüýäguly meşhur daýysy Rehmet Seýidowy ýatladyp dur».

Ýazyjynyň gyzlarynyň biri  Oguljan Mawyýewa «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda bolanda, biz ondan kakasy barada gürrüň bermegi haýyş etdik.

– Kakamy ýatlanymda hemişe myhman-gonakly Çärjewdäki köne kwartiramyz göz öňüme gelýär. Öýümize artistler, ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar kän gelerdi. Bize gelýänler şeýle  kändi welin, bir gezek pedinstitutda okaýan  uly doganym Gülşen: «Men-ä myhmanhana göçäýmesem boljak däl» – diýipdi. Dogrusy, galanymyz – alty çaga, ejem, enem weli myhman gelse begenerdik. Aýratynam kakamyň moskwaly dosty Ernst Safonow gelende begenjimiň çägi bolmazdy.

(E. Safonow (1938-1994 ýý) – rus  ýazyjysy, terjimeçi, publisist, 1989-1994-nji ýyllarda «Литературная Россия» gazetiniň baş redaktory.

Bir gezek biz üç bolup kakamyň «Žigulisinde» Pelwert obasyna gidipdik. Şol ýerde kakam Ernst daýa Begmyrat aganyň gazan guýysyny, onuň töwereginde bu üýtgeşik adamyň ýetişdiren alma bagyny görkezdi. Olar iki bolup, Begmyrat aga hakda  «Ýekäniň çaňy» atly powest ýazmagy niýet edinipdiler.

 Bu bolsa E. Safonowyň ýazyjynyň şahsy arhiwinde saklanyp galan hatyndan bölek: «Begmyrat aga hakdaky oçerk ýakyn wagtda «Сельская  жизнь» gazetinde çykar. Ondan gojanyň bir özüniň aryk gazandygy beýan edilýän ýerini «hakyky däl» bahanasy bilen aýyrdylar.

Begmyradyň özi golaýda tutuş maşgalasynyň suraty bilen mähirli hat iberipdir...»

Bu oçerkiň 1974-nji ýylda «Сельская жизнь» gazetinde çap edilenlerden iň gowusy diýlip ykrar edilendiginem aýtmak gerek.

Kakam «Крокодил» žurnalynyň redaksiýasyndan hatlara sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Onuň arhiwinde Ýan daýydan (žurnalyň işgärleriniň biri Ýan Polişşuk): «Hekaýaňy aldym...  özüňe felýeton  tabşyrmagy haýyş edipdiň öýdýän. Ine, temasam tapyldy. Şu haty oka-da, faktlaryny barla. Awtor bilen habarlaş, elbetde, haty barlanyňda, onuň adyny tutma, ýogsa onuň kynçylyga uçramagy mümkin. Faktlary barlaryňa garaşýarys, felýetony özümiz biraz düzedişdireris. Çaltrak bolaweri! 1973-nji ýylyň 1-nji iýuny» -diýen mazmunly hat bar.

Kakam özünden bäş ýaş kiçi bolsa-da,  şahyr Gurbannazar Ezizowa uly sarpa goýardy, onuň bilen ýakyn dostdy.  Gurbannazar Ezizowyň 1965-nji ýylda Samarkantda harby gullukda wagty kakama iberen hatyny kän wagt saklapdyk. Soňra olar öýli-işikli boldular, ýöne olaryň iksiniňem diňe gyzy bolýardy, kakam bilen Gurbananzar Ezizow ogul bolýança gidişmeli edipdirler.

Maşgalamyzda bäşinji çaga ogul doglanda Gurbannazar Ezizowyňam ogly bolupdy, ýöne şahyra ony görmek miýesser etmändi. Eger şol pajygaly waka bolmadyk bolsa, dostlar üçin  ogul perzent toýy nähili bolardy diýsene!

Ogul jigimiziň doglan şatlygyna bize maşgalasy bilen  myhmançylyga gelen Ernst daýy hem goşulypdy. Kakam ogluna Hoşgeldi diýip at dakdy. Bu at Ernst daýynyň gyzy Maşa şeýle bir täsir etdi welin, ol jigime bagyşlap goşgy ýazyp, ony şol döwürler meşhur «Пионерская правда» gazetine ugradypdy.

1985-nji ýylda Moskwa döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň talyplary pedagogik instituta praktika gelende öýmüzde gülkünç  waka boldy. Elbetde, kakam olary topary we mugallymy bilen öýümize çagyrdy, ertesi teatrda spektaklyň premýerasy boldy, olar hem, ozalkysy ýaly, tutuşlygyna bize geldiler.

– Öý däl-de, kerwensaraý-la bu ýeri, düýn talyplar, bu gün artistler topary – diýip uly doganym hüňürdedi.

 Kakam oňa:

– Hüňürdeme, ýogsa täze felýetonumyň gahrymany bolarsyň! – diýdi.

– Kakam-a edäýerem! – diýip menem doganyma haýbat atdym.

Biz kakamyzy öte sylardyk. Ol adalatly we şadyýan adamdy, şonuň üçinem adamlar ony gowy görerdiler. Kakam ýaşyna  ýa wezipesine garamazdan, hemmäniň  dilini tapardy. Ýaşy gidip, onuň buýra  hüžžük saçy çalaryp ugrady. Ol kelte saçy halamazdy, bir gezek aýnadaky keşbini görüp: «Şir ogly Ýolbars bol-a!» -diýipdi. Bize kakamyň bu sözi şeýle bir ýarady welin, keseki adam ýok wagty oňa şeý diýip ýüzlenerdik. Kakam gaharlanmazdy, tersine onuň gözlerinde şatlyk uçgunlary peýda bolardy.

Redaksiýadan: ýazyjy Öwlüýäguly Möwlamow baradaky makalany okanlardan kimdir biri onuň eserlerini ýatlar, käbiri bolsa özi üçin bu söz ussadyny açar diýip umyt edýäris.

Tamara GLAZUNOWA

Ýazyjynyň şahsy arhiwindäki suratlardan:

  1. Öwlüýäguly Möwlamow münberde

  2. Nakgaş W. Ataýew (çepde) Gurbananzar Ezizow (sagda) bilen «Tokmak» žurnalynyň redaksiýasynyň öňünde.

  3.  «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri

  4. Umentadygärligiň açylyş dabarasynda