Ï Türkmenistan-Owganystan energiýa köprüsini çekmegiň möhüm tapgyry geçildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Owganystan energiýa köprüsini çekmegiň möhüm tapgyry geçildi

view-icon 2208

Gurluşykçylar güýji 220 kW Türkmensitan-Owganystan elektrik geçirijisiniň iň möhüm desgalarynyň birinde işleri tamamladylar.  Geljekki EGL tok berjek Mary DES-inde taslamanyň başlangyç nokady bolan açyk tok bölüji enjamy giňeltmek işleri tamamlandy. «TAP» kompaniýasy 260 kilometrlik ýokary woltly liniýanysyna maýa goýujydyr we onuň iş tabşyryjysydyr.

Onuň baş potratçysy «Çalyk Enerji» kompaniýasy EGL gurmak üçin Türkmenistandan energiýa desgalaryny gurmaga ýörüteleşen hususy firmalary saýlap aldy. Liniýanyň tutuş ugry telekeçileriň dördüsiniň arasynda paýlanyldy. EGL-da oturdylmaly 876 sütüniň häzir 600-a golaýy taýýar edildi.  Mary DES-nden berilýän elektrik energiýasyny Serhetabatda gurulýan 220-110-10 kW kiçi beket kabul ediji nokat bolar. Bu ýerde meýdançanyň gurluşygy tamamlanyp, enjamlar oturdylýar.

Taslamanyň türkmen böleginde  teledolandyryşyň kommunikasiýa ulgamy oturdylýar,  ol EGL we kiçi beketleriň ygtybarly işini üpjün edýär. Bu taslamanyň işe girizilmegi ýudumyza elektrik energiýasynyň goňşy döwlete eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berer. Desgany şu ýylyň awgustynda işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň energetikleri şu EGL bilen bilelikde geljekde güýji 500 kW Türkmenistan-Owganystan-Pakistan liniýasyny gurmagy göz öňünde tutýarlar.

Wladimir  FROLOW