Ï Daýhan hojalyklarynda kartoşka ekilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daýhan hojalyklarynda kartoşka ekilýär

view-icon 6640

Ýurdumyzyň ekarançylary kartoşka ekişine girişdiler. Bu ekin üçin hojalyklara mes torpakly ýerlerden birnäçe müň gektar meýdan bölünip berildi.  Lebap welaýatynyň hojalyklary amatly howa şertlerinden peýdalanyp, ilkinjileriň hatarynda ekişe başladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berişleri ýaly, Çärjew etrabyndan «Tebigy Ekin» daýhan hojalygy 420 gektardan gowrak, Dänew etrabyndan «Jadyly mukam» daýhan hojalygy 40 gektardan gowrak ýere kartoşka ekdiler. Saýat we Dänew etraplaryndan  telekeçiler Babamyrat Döwranow bilen Nurmyrat Nuryýew bu ýokumly ekin ekmek üçin kyrk gektar ýeri taýýar edip goýdular.

Bu ekin üçin meýdanlaryň aglaba bölegi Çärjew we Dänew etraplaryna berildi. Sebitde 1500 gektar ýere ýazky kartoşka  ekiler. Babadaýhanlar şonça meýdanyň her gektaryndan ortaça 140 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar, bu  bolsa geçen ýyldakyndan has köpdür.

Ahal we Mary welaýatlarynyň şahsy hojalyklary-da kärtoşka ekişine girişdiler. Baharyň ahyryna olar üç müň gektar ýeriň hasylyny ýygnarlar.

Wladimir  Komarow