Birža täzelikleri

14.02.2021
eye
898
Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi we tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 57 million dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gazagystanyň telekeçileri bahasy 67 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 30 million 618 müň manatlyga barabar bolan “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, pagta süýümini, şeýle hem el haly önümlerini satyn aldylar.