Ï Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly KDEU-nyň rektory we türkmen talyplary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly KDEU-nyň rektory we türkmen talyplary bilen duşuşdy

view-icon 3062
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly KDEU-nyň rektory we türkmen talyplary bilen duşuşdy

2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly A. H. Baýramowyň Kazan döwlet energetika uniwersitetinde (KDEU) bu ýokary okuw mekdebiniň rektory E.Ýu. Abdullazýanow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar bilim we ylym ulgamynda türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýlägem berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmennistanyň Döwlet energetika instituty bilen KDEU-nyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilendigi, ony durmuşa geçirmek üçin taraplaryň häzirki wagtda anyk çäreleri durmuşa geçirýändigi bellenildi. Geljekki türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň hiline, olaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky ýaşaýyş şertlerine, ýokary okuw mekdebiniň gündelik durmuşyna gatnaşygyna we beýleki meselelere aýratyn üns berildi.

Soňra KDEU-da bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatik edaranyň türkmen talyplarynyň Russiýa Federasiýasynda ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli zerur goldaw bermäge ygrarlydygy bellenildi. Şeýle hem Baş konsullyk türkmen talyplaryny geçirilýän sport, medeni we beýleki çärelere işjeň gatnaşmaga, ýokary okuw mekdebiniň talyplaryň taglymat we amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň netijesi boýunça türkmen tarapynyň ozal gol çekilen resminamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreleriniň netijeliligi ýene bir gezek nygtaldy, şeýle hem taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýlägem giňeltmäge taýýardygy beýan edildi.

Maglumatlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullugyndan (Kazan ş.) alyndy