Ï Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

view-icon 2780

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi. Içeri işler ministrliginiň harby gullukçysy milli Liderimize enjamlar, olaryň ulanylýan pursatlary, uçarmansyz uçýan enjamlaryň uçuş tertibi hem-de olaryň degişli maglumatlary almagy üçin döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaýlarynda, durmuş maksatly we edara binalarynda oturdylýan tüsse anyklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap enjamlaryň önümçilik işi, olaryň önümçiliginde ulanylýan serişdeler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. 

Hünärmen binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçilginiň bardygyny aýtdy. Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän enjamlar bilen tanyşlygyň dowamynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, çyzgylary bilen içgin gyzyklandy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna merkezde taýýarlanýan uçarmansyz uçýan enjamlaryň mümkinçilikleri, häsiýetli aýratynlyklary ýörite çyzgylaryň, suratlaryň we beýleki serişdeleriň üsti bilen jikme-jik habar berildi. 

Şolar bilen bir hatarda, bu ýerde taýýarlanylýan enjamlaryň we beýleki ugurlara degişli serişdeleriň 3D görnüşde şekilini alyp, islendik enjamy ýasamaga mümkinçiligiň bardygy aýdyldy. 

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy ýurdumyzyň serhet bölümlerinde ulanylýan enjamlar, uçarmansyz uçarlaryň mukaddes çäklerde wideogözegçiligi amala aşyrmakda ähmiýeti hem-de enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, serhet gullugynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi. 

Soňra ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy harby bölümlerde ulanylýan enjamlar we sanly tehnologiýalar, Watan goragçylarynyň jogapkärli wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin olaryň ähmiýeti barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, goşun bölümleriniň işinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagy, şeýle hem Goranmak ministrliginiň türgenleşik okuwlarynda netijeli özleşdirilmegi bilen baglanyşykly işlere aýratyn üns berilýär. 

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň esasynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şolaryň hatarynda uçarlaryň angarynyň, uçar binasynyň, awtoulag binasynyň, dolandyryş nokatly hem-de uçarlary awtomatik usulda dolandyrýan bölümleriň, syn ediş nokadynyň, merkeze degişli bolan ýyladyşhananyň hem-de elektrik bekediniň binalarynyň taslamalary görkezildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara degişli belliklerini aýdyp we birnäçe düzedişleri girizip, olaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi. Bu ýerde taýýarlanylýan uçarmansyz uçar enjamlary dürli pudaklarda netijeli ulanylmaga niýetlenilmelidir. 

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda elektron senagatynyň önümçiliginiň işjeň ösdürilýändigini belläp, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde zerur bolan bu enjamlaryň önümçiligini ösdürmegiň we onuň önümçiligine täzeçil tehnologiýalaryň, nou-haularyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen gurluşlar we olary öndürmekde ulanylýan şaýlar bilen içgin gyzyklanyp, bu enjamlaryň ýokary hilli bolmagy we uzak wagtlap hyzmat etmegi ugrunda ähli tagallalaryň görülmegini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, gurluşykda häzirki zaman serişdeleriniň işjeň ulanylmagy we binalaryň ýokary hil derejesine laýyk gelmegi hem-de olaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Dürli maksatly binalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, bu ýerde dünýäniň ösen tejribeleri nazara alynmalydyr. Binalaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylyşyna hem-de öz ulanyş maksadyna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. 

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini açyp, ilki bilen ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär derejesinii yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlygyna goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini we oňa sanly tehnologiýalaryň, täzeçil uçullaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi, ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we bu merkezde işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde içeri işler edaralarynyň ähli düzümleriniň ýurdumyzda tertip-düzgüni, ýangyn howpsuzlygyny, awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek babatda ýerine ýetirýän işler barada giňişleýin maglumatlar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny, şeýle hem Aşgabat-sity şähergurluşyk maksatnamasyny nazarda tutup, bu ýoluň ugrunda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň guratlyk derejesini, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini kesgitleýän enjamlaryň işini netijeli peýdalanmak, şeýle hem täze dörediljek şäheriň çäklerinde degişli gözegçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. 

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyk derejede guralmagy ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir. 

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýurdumyzyň mukaddes çäklerini goramak, ony dost-doganlyk serhedine öwürmek, şeýle hem gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet serhet gullugynyň düzümleriniň işinde häzirki zamanyň sanly tehnologiýasyny netijeli peýdalanmak, onuň çäklerinde yzygiderli wideogözegçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi we serhet goşunlarynda bu ugurda degişli işleri alyp barmak hem-de olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň gulluklarynda sanly ulgamyň netijeli peýdalanylmagynyň wagty, gorag güýçlerini hem-de ykdysady tygşytlylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy. 

Milli hopwsuzlyk ministri G.Annaýew ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, halk hojalygynyň ulgamlarynda degişli düzümleriň işlerinde kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň emele gelen ýagdaýlaryny nazara alyp, kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin iň oňat tejribäni we dünýäniň iň kämil usullaryny işjeň ulanmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, beýleki ähli pudaklarda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarynda sanly tehnologiýalary ösdürmegi, halkara tejribe alyşmak babatda degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, döwrebap tehnologiýalar boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat bilen çykyş etdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi. Şu günki iş maslahatynyň gün tertibinden gelip çykýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Munuň özi degişli düzümlerde ýerine ýetirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmegini we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralara degişli ýokary okuw mekdeplerinde okuw maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi, oňa halkara ösen tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň, aýratyn-da, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy barada aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda hem döwrüň ösen tilsimatlaryna başarjaň erk edýän ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi. 

Elektron senagatdan baş çykarýan we öňdebaryjy bilimlere eýe bolan ýaşlaryň ösdürilip ýetirişdirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. 

Şunlukda, ýokary okuw mekdeplerde elektron kitaphanalarynyň işi ýola goýulmalydyr hem-de harby talyplar üçin olaryň elýeterli bolmagy üpjün edilmelidir. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek aýratyn belläp, dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.