Birža täzelikleri

eye
1067
Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Şotlandiýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar. 

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 110 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 65 million 764 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, buýan köküniň şerbetini hem-de lukmançylyk maksatly beýleki serişdeleri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 16 million manatlykdan gowrak boldy.