Ï Russiýanyň «Татнефть» kompaniýasy hyzmatlaryň çägini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň «Татнефть» kompaniýasy hyzmatlaryň çägini giňeldýär

view-icon 1619

Russiýanyň «Татнефть» nebit kompaniýasy Balkanabatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we Türkmenistanda beýleki kompaniýalaryň hajatlary üçin nasos-kompressor turbalaryny (NKT) abatlamak boýunça önümçiligi işe girizdi. Önümçilik muftalaryň egremlerini we epinlerini  ýuwmak, hyrlaryny kesmek we oňa gözegçilik, NKT gidrosynaglar, belgilenme  we çykyş barlagy tapgyrlaryny öz içine alýar. Häzirki wagta çenli önümçiligiň kuwwatlylygy sagatda 12 turba çenli, zerurlyk çykanda ol goşmaça düýpli harajat çykarmazdan iki esse artdyrylyp bilner.

Guýylar abatlananda, şeýle hem olar  ulanylanda peýdalanylýan nasos-kompressor turbalaryny abatlamak işleri maýa goýum çykdajylaryny azaltmaga, nebit çykarmakda ulanylmaýan mümkinçilikleri çekmäge, turbalaryň germetik bolmazlygy sebapli olaryň bozulmagyny azaltmagyň hasabyna abatlaýyş işleriniň araçägini uzaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň hünär taýýarlygyny geçen raýatlary täze önümçilige işe  alyndy.

Önümçiligiň işe girizilmegi «Татнефть» kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrýan hyzmatlarynyň çägini giňeltmekde täze ädim boldy. Birnäçe ýyl bäri «Татнефть» kompaniýasynyň şahamçasy guýylary düýpli abatlamak we olaryň nebit berijiligini artdyrmak, şeýle hem elektrik ýükleýji enjamlary abatlamak boýunça türkmenistanly nebitçilere hyzmat edýär. «Türkmennebit» DK-nyň guýylarynda geçirilen geologiýa-tehnologik işler 300 müň tonnadan gowrak nebit almaga mümkinçilik berdi.

Şu ýyl «Türkmennebit» döwlet konserni «Татнефть» APJ bilen «Goturdepenebit» NGÇM-niň nebit ýataklarynda nebit guýylarynyň  önümliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge goşmaça ylalaşyk baglaşdy. Täze ylalaşyk kompaniýanyň bilelikdäki işleri 2028-nji ýyla çenli dowam etmäge we bu baý ýatagy özleşdirmegiň çäklerinde nebit çykarylyşyny artdyrmakda «Татнефть» kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga islegini görkezýär. Jemi ýakyn birnäçe ýylda Goturdepe ýatagynda kompaniýanyň hünärmenleri döwrebap nebit çykaryjy enjamlary, awtomatika we telemehanika serişdelerini ornaşdyrmagyň hasabyna guýylaryň 250-sinde nebit alnyşyny ýokarlandyrarlar. Bu bolsa türkmen nebitçilerine goşmaça ýüzlerçe müň tonna nebit almaga mümkinçilik berer.

«Татнефть» APJ – Russiýanyň iri nebit kompaniýalarynyň biridir, onuň düzüminde nebit-gaz çykarylyşy, nebiti gaýtadan işlemek, nebit-gaz himiýasy, şina toplumy, ÝGB, elektrikenergetikasy, nebit-gaz pudagy üçin enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek hem-de  hyzmatlar düzümleri toplumy  sazlaşykly ösdürilýär.


Wladimir KOMAROW