Döwlet gullugy akademiýasy magistrlik maksatnamasyny ornaşdyrmaga taýýarlanýar

eye
2003
Döwlet gullugy akademiýasy magistrlik maksatnamasyny ornaşdyrmaga taýýarlanýar

Ýewropa Bileleşiginiuň «Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini güýçlendirmegi goldamak» bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Döwlet dolandyryşy» magistrlik maksatnamasyny işe girizmegiň ugurlary boýunça webinar geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzüminiň gatnaşan okuwy magistraturada netijeli okuwy guramagyň esasy ugruna bagyşlandy.

Tejribe ähmiýetli adminstratiw ylymlary Federal Uniwersitetiniň (Brýul ş. Germaniýa) pofessory,  doktor Klaus Erdman tanyşdyryş umumy sapak bilen çykyş edip, Ýewropanyň akademiki ýokary mekdepleriniň birnäçesinde bu ulgamdaky tejribeler barada gürrüň berdi. 

Halkara bilermeniniň belleýşi ýlay, magistrlik bilim – munuň özi  hünärmeniň hünär-şahsyýet sypatlaryny we saýlap alan işinde başarnygyny ösdürmäge gönükdirilen okuw maksatnamasyny özleşdirmek işidir. Bu bilim usuly çeýeligi bilen häsiýetlendirilýär, ol jemgyýetiň talaplaryna dessin seslenmekde ýüze çykýar.

 Okuwyň amaly  bölegine, «keýs» diýilýän ýa-da ýagdaýlara görä wezipelere geçip, germaniýaly hünärmen ylmy-tehniki ösüşiň   hünärmenleri taýýarlamak ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýändigini görkezýän zähmet bazarynyň maglumatlaryny mysal getirdi.

Magistrlik bilim talyplaryň öňünde bäsdeşlige ukyply hünärmen bolmaga mümkinçilikleri açýar. Barlaglary geçirijiler toplumlaýyn «bilim önümini» almaga gönükdirilen magistrlik maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň şertli birnäçe usulyny belleýärler.

 Şunuň bilen baglylykda Ýewropa, GDA we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň köpüsiniň esasy akademiki, ylmy-barlag merkezleriniň hem-de institutlarynyň ulanýan maksatnamalarynyň iki nusgasy bilen tanyşdyryldy.

Adaty usul – bütewi bilim maksatnamasyna daýanýar, ol bakalawriaty we ýörüteleşdirilen magistrlik maksatnamany öz içine alýar. 

Innowasion usul – magistriň özbaşdak  bilim maksatnamasydyr. Bu usul çylşyrymly, entek seýrek, ýöne eýýämden islegli iş üçin hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär.

Okuwa gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ösüşiniň innowasion ugrunyň jähtinden dar hünärli taýýarlyk usuly islegli bolýar. Ol ýokary hünärli, ýöne anyk bellenilen ugurda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

 Döwlet gullygy akademiýasynyň ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Bäşim Rahmanow oňa gatnaşanlaryň ünsüni magistrsant-talyplaryň – eýýäm ýokary bilimli, belli bir iş tejribeli, öz intellektual mümkinçiliklerini we dünýägaraýyş bilimlerini ulanmaga ukyply «üstünlikler derejesindäki» adamlardygyna çekdi.

Taslamanyň milli utgaşdyrjysy Babahan Berdiýew okuwyň jemini jemläp, halypanyň wezipesiniň – maslahat bilen goldamakdygyny nygtady. Mugallym magistrantyň kär tejribesini artdymaga getirýän  bilgeşleýin we maksada gönükdiirilen ýagdýaly döredýär, hünär meselelerini goýýar.

Magistraturadaky konsalting, bir tarapdan, bütewi bilim işiniň şerti, başga bir tarapdan – mugallym bilen talybyň özara gatnaşyklarynyň netijeli usuly bolup durýar.

Magistrantyň hünär başarnygynyň (hemmetarapalýyn we ýörüte)  ösmegine ýardam edýän  çözgütleriniň işjeň goldanylmagy Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzüminiň işläp taýýarlaýan «Döwlet dolandyryşy» maksatnamasynyň aýry-aýry okuw dersleri boýunça iş mkasatnamalarynyň esasy bolup durýar.

Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň bilim maksatnamalarynyň temalara gönükdirilmegi bilimleriň we iş görnüşleriniň anyk ugurlaryna, şeýle hem olary özleşdirmegiň netijelerine talaplar bilen şertlendirilendir.

Hajymyrat PIRMUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy