Ï Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

view-icon 3161

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny doganlygy, parahatçylygy, jebisligi, agzybirligi alamatlandyrýan hem-de biziň umumy gadymy müňýyllyk däp-dessurlarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan baharyň we täzelenişiň buşlukçysy bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bütin adamzady parahatçylyga, söýgä, doganlyga çagyrýan Nowruz baýramy hemme ýerde giňden we dabaraly bellenilýär.

Nowruzyň biziň ýurtlarymyza we sebitimize bolşy ýaly, bütin dünýä hem saglyk, abadançylyk, parahatçylyk hem-de rowaçlyk getirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin!

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi baharyň gelmegi — Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bahar — bu tebigatyň oýanmagynyň, täze durmuşynyň döremeginiň hem-de güýç-kuwwatyň artmagynyň wagtydyr. Nowruz — bu täze gündür hem-de iň oňat geljege umydyň nyşanydyr.

Pursatdan peýdalanyp, şu ajaýyp baýramda Size saglyk we üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.