Gözel paýtagtymyň waspyny edýärin: TMK-nyň talyplarynyň konserti

eye
648
Gözel paýtagtymyň waspyny edýärin: TMK-nyň talyplarynyň konserti

24-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda bolan konsertde ajaýyp ak mermer merjen şäherimiziň, şu ýyl 140 ýyllyk ýubileýini bellеýän paýtagtymyzyň adyna aýdym-saz bilen mähir-muhabbet, söýgi sözeri aýdyldy.

Aşyklar we ylham şäheri, özgertmeler ýüregi we parahatçylyk döredijliligiň paýtagty Aşgabada bagyşlanan konserti özbaşdak aýdym aýtmak kafedrasynyň talyby Gözel Hojaýewa açdy. Ol Sapa Sapaýewiň sözlerine Omar Igamowyň sazyna türkmen paýtagtyna ýürekden çykýan söýgi sözlerini aýtdy.

Konserwatroiýanyň a kapella topary tembral köp sesde gözel binalary, ajap gülli aýmançalary, zümerret seýilgäh zolaklary, kümüşsow çüwdürimleri bilen haýrana goýýan mähriban şäherimiziň reňme-reň gözelligini wasp etdi. Wokalçy Bahram Huseýnow Alişer Bazarowyň Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine «Aşgabat» aýdymyny joşgunly ýerine ýetirdi.

Bagşyçylyk sungaty hünäri kafedrasyna talyp Kerwen Orazmyradow wekilçilik etdi. Dutaryň üýtgeşik owazynda Nurýagdy Baýramowyň «Aşgabat» aýdymy has şahyrana ýaňlandy.

Kirişli saz gurallary kafedrasynyň dörtlügi – Altyn Nurmyradowa (skripka), Gözel Mätkerimowa (skripka), Seýitmyrat Orazow (alt) we Annaoraz Döwletow (wiolençel) dagy Aman Agajykowyň «Galkynyş sazy» eserini ussatlarça ýerine ýetirdiler.

Mansur Şaripow Türkmensitanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň goşgysyna «Watan» atly watanperwer aýdym bilen konserti jemledi. Onuň sazyny Maksat Hudaýberdiýew ýazypdyr.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Süleýman ÇARYÝEW