Däpler, nusgawy eserler, häzirki döwür: belli sazlaryň täzeçe beýany

eye
627
Däpler, nusgawy eserler, häzirki döwür: belli sazlaryň täzeçe beýany

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan saz bagyşlamalary tapgyryndan nobatdaky konsert boldy. TMK-nyň kafedralarynyň sekizisi tematiki we ýerine ýetirijilik gerimi bilen haýran galdyran täsirli konsert berdi.

Sahnada bu ýokary okuw mekdebiniň iň güýçli talyplary çykyş etdiler, olaryň döredijilik hyjuwy we sazandarlyk ussatlygy milli saz sungatynyň ösüş ugruny kesgitlär.

Joşgunly şahyrana saz älemine syýahat bagşyçylyk sungatynyň özboluşly ýolundan başlandy. Halk sazlary kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Hojagulyýew Sapar Mämiýewiň «Baýramçylyk sazyny» çaldy. Oňa konsertmeýster Narmina Ali-Zadeniň fortepianoda sazandarlygy röwüşlere baý dutar öwrümleriniň sazlaşykly bezegi bolup ýaňlandy.

Halk saz gurallary kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Baýramgül Amangeldiýewa owadan röwşen owazly gadymy kanonda Pablo de Sarasateniň «Sygan heňlerini» ýerine ýetridi. Onuň we konsertmeýster Sona Nuryýewanyň ussatlygyny diňleýjiler şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Antonin Dworžagyň «Slawýan tansyny» ýerine ýetiren kirişli saz gurallary kafedrasynyň dördünji ýyl talyby Merdan Çaryýew özboluşy sazandarlyk tilsimi bilen diňleýjileriň göwnüne ýetdi. Nepis skripka öwrümleri kä kantilenasy bilen maýyl etse, käte bolsa hyjuwly passažlary bilen zaly elendirýärdi, konsermeýster, halkara bäsleşikleriniň laureaty Stella Faramazowanyň çeper barmaklarynyň fortepiano düwmelerinden alýan jadylaýjy owazlary onuň sazy bilen ajap sazlaşyk döredýärdi.

Konsertde operalardan ariýalar hem ýerine ýetirldi. Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan ýürekleri elendiriji «Şasenemiň nalyşyny» ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Güljemile Saryýewa hoş labyzda aýtdy. Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň mugallymy Amangeldi Amanow gyzy, kamera ansambly kafedrasynyň talyby Merjen Amanowanyň roýalda sazandarlygynda Juzeppe Werdiniň «Trubadur» operasyndan graf di Lunyň partiýasyny ajap ýerine ýetirdi.

Urlup we üflenip çalynýan saz gurallary kafedrasynyň wekilleri eserleriň dördüsini: Sergeý Rožensowyň «Sirtaki», Frenk Sinatranyň «My way», Aleksandr Ilýinskiniň «Kebelek» we Jo Garlandyň «Keýpim kök» eserlerini ýerine ýetirdiler. Meniň pikirime görä, «Regtaým» topary üýtgeşik gowy çykyş etdi, ol bäşinji ýyl talyby Baba Muhammedowdan (saksofon) , dördünji ýyl talyby Ilgiz Galimowdan (saksofon), ikinji ýyl talyby Kakageldi Gurbanmyradowdan (urlup çalynýan saz gurallary) we mugallym Natella Bagirowadan (fortepiano) ybaratdy.

Konsert fortepiano kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby, milli we halkara bäsleşikleriniň laureaty Ogulkeýik Hojagurbanowanyň çalmagynda Çary Nurymowyň özboluşly «Ekspromt-fantaziýa» melosy bilen jemlendi.

-Biz kafedralaryň hersinden iň zehinli, güýçlilerden güýçli talyplary jemlän şeýle konserti ilkinji gezek guradyk. Şu kysmy uly maksatly çäreleriň däbe öwrüljekdigine we olaryň ýaş aýdymçy-sazandalara döredijilik ukybyny has ýiti açmaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirýäris – diýip TMK-nyň rektory Resul Amangeldiýew gürrüň berdi.

Tamara GLAZUNOWA

 Surata düşüren: Alekseý GIMALITDINOW