Nakgaş we awiamodelçi Myrat Hojagulyýewiň ykbal öwrümleri

eye
237
Nakgaş we awiamodelçi Myrat Hojagulyýewiň ykbal öwrümleri

Men Myrat Hojagulyýew  bilen birnäçe ýyl mundan ozal «Köpetdag» stadionynda irden ylgaýan döwrüm tanyşdym. Ol futbol meýdançasynyň gyrasynda duran ýerinden uçaryň kiçiräk modeliniň uçuşyna ünsli syn edýärdi. Myrat dolandyryş pulty arkaly fan-flaýere howada uçuşyň has çylşyrymly usullaryny ýerine ýetirdýärdi. Model görülmedik tilsimleri edýärdi, dik ýokary uçýardy, sekizlik, halka  ýasaýardy, howada agdarylýardy, gök meýdançanyň otuna deger-degmez peslikde uçýardy.

Myradyň ony howada dim-dik duruzyşy haýrana goýýardy. Käte onuň hereketlendirijisiniň bady peselende, Myrat howada ony gabarasyndan tutup, eline alýardy-da, motoryny öçürip, akkumulýatoryny çalyşýardy. Daşyndan göräýmäge bar zat onuň çep elinden gelýän ýalydy, ýöne Myrat şu derejä ýetinçä kän türgenleşmeli bolandygyny gürrüň berdi.

Myrady tanaýanlar isle tehniki döredijilik bolsun, isle-de – çeper senet, ýa bolmasa, gaýry bir pişe, -- onuň  hemişe kämillige ymtylýandygy aýdýarlar. Meselem, özüniň hereketiniň azlygyny duýandan awtoulagyny goýup, welosiped sürmäge başlady, özem marafon aralygy özleşdirip ugrady. Häzir ol her gün elli kilometr, ondan köpräk, ýekşenbe günleri – ýüz kilometr ýol geçýär.

Çagalyk we  ýetginjeklik döwri Myrat Hojagulyýew ömrüni awiasiýa bilen baglamagy – uçarman  ýa-da uçar konstruktory bolmagy arzuwlaýardy. On iki ýaşly oglanjyk tanymal türkmen awiamodelçisi Sergeý Obrazsowyň dolandyrýan modeliniň uçuşyň öte çylşyrymly tilsimlerini ýerine ýetirişine haýran bolup syn ederdi. Tiz wagtdan Myrat Ýaş tehnikler stansiýasynyň ýanyndaky awiamodelçiler  gurnagyna ýazyldy. Ol uçarlaryň modellerini taýýar böleklerden seplemekden awiamodelizm boýunça  sport  ussatlygyna çenli ýol geçdi, Türkmenistanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny eýeledi, ýygyndy toparyň agzasy, bütinsoýuz ýaryşlaryň baýraklarynyň eýesi boldy..

Maňa modelleriň ýaryşlarynda oňa syn etmek miýesser etdi. Ol egni gaýyş kurtkaly we gorag reňkli kombenzonly bar ünsüni berip,  radiodolandyryşly enjamy- elektrolýoty uçurmaga  taýýarlanýardy. 

Daş-töwerek durşuna dürli reňk al-elwan güllerden dokalan halyny ýada salýardy. Eli ganatly modelli, asmana aşyk bu kişiniň eserleri Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýinde, ýurtda we daşary ýurtlarda şahsy kolleksiýalarda saklanylýan  tanymal nakgaşdygyna, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri  diýen hormatly adyň eýesidigine ynanasyňam gelmeýär.

Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzasy Myrat Hojagulyýewiň özbaşdak sergileriniň bäşisi, daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede, Kiprde, Eýranda, Russiýanyň paýtagtynda we sebitlerinde, Beýik Britaniýada, Özbegistanda köpçülikleýin sergileriň on bäşden gowragy bolupdyr. Ol TÝURKSOÝ-yň howandarlygynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi. Döredijilik çärelerine onuň aýaly --   Nakgaşlar birleşiginiň agzasy, zehinli žiwopisçi Maral Hojagulyýewa-da gatnaşýar.

Indi Myrat Hojagulyýew, ozaly bilen, nakgaş hökmünde giňden tanalýan adam, ykbaly başgaça-da bolup bilerdi... Mekdebi tamamlandan soň ýetginjek ömrüni awiasiýa baglamak isledi. Ol Riganyň raýat awiasiýasynyň ýörüte gulluklar uçilişşesine okuwa girdi. Bir ýyl okandan soň ony harby  gulluga aldylar, ýöne gullugy tamamlandan soň welin lokatorlaryň öňünde oturmaly käre  dolanmady-da,... Aşgabadyň Şota Rustaweili adyndaky çeperçilik uçilişşesine (häzirki Sungatlar mekdebine) okuwa girdi we ony üstünlikli tamamlady. Indi onuň özi 15 ýyldan howrak wagt bäri ýaş zehinlere kompozisiýanyň we žiwopisiň esaslaryndan sapak berýär.

Ugruny duýdansyz üýtgertmegine näme sebäp bolduka? Terjimehal ýazarlarynyň aýdyşy ýaly -- «gany çekipdir».  Dogrudanam, Myrat döredijilik adamlarynyň arasynda kemala geldi. Onuň ata-enesi – Annaguly we Sülgün Hojagulyýewler – türkmen halyçylygynda täze ugruň – gobeleniň düýbüni tutanlardan. Olar bilelikde  sungatyň şu žanrynda nusgawy bolup galan özboluşly suratlaryň ençemesini döretdiler. Myradyň uýasy Abadangözel – tanymal teatr nakgaşy, dogany Kerim – sungaty öwreniji boldy.

Myrat Hojagulyýewiň işleri görnüşleriň we reňkleriň üýtgeşik sazlaşygy bilen geň galdyrýar hem haýran edýär. Olar nakgaşyň suratlarynda   reallygyň çäginden çykmaga ymtylýan hyýaly abstraksiýalar bilen utgaşyp gidýärler. Onuň sýurrealistik eserleri gözüňe al salýan ýaly görünýär. Şeýle bolsa-da, olar akademiki žiwopis kadalarynyň çäginden çykmaýar. Erkinlik we irrasionallyk nakgaşyň «Aýly agşam», «Günorta çagy», «Alma daragty» , «Resling», «Öýüm», «Söýgi aýdymy» ýaly suratlarynda şekillendirilen bize tanyş zatlara we ýagdaýlara täzeçe garamaga mümkinçilik berýär.

Myrat Hojagulyýewiň ýaşy ýaňy elliden geçdi. Onuň göz öňünde tutýan döredijilik maksatlary, gujur-gaýraty kän. Ýazky awiamodelçiler bäsleşigine taýýarlanýar, surat çekýär, çeperçilik uçilişşesinde sapak berýär. Öz toparynyň uçurymlarynyň altysynyň Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasyna okuwa girendigine buýsanýar.

Wladimir KOMAROW