Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 2230

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.

***

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasynyň on üçünji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Rejep Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek boýunça işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet topary döredildi hem-de Hökümet toparynyň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.