Ï Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar

view-icon 5131
Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar
Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar
Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar
Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar

Martda zehinli kinorežissýor, ssenariçi, BDKI-niň mugallymy we kinoprodýuser Bulat Mansurowyň aradan çykanyna 10 ýyl doldy. Ol 1937-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dogulýar. 1963-nji ýylda BDKI-niň režissýorlyk bolümini (S. Gerasimowyň we T.Makarowanyň ussahanasy) tamamlaýar.

26 ýaşly Mansurowyň diplom işi - Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestiniň esasynda surata düşürilen «Ýaryş» atly ak-gara reňkli filmi, eýýäm, onuň zehininiň giňdigini görkezdi we türkmen kinosyny dünýä tanatdy.

Ýaş režissýoryň «Ýaryş» atly filmi – meşhur türkmen sazandasy Şüküriň agasyny ýesirlikden başatmak üçin tiredeşleriniň atly-ýaragly çozmak hakdaky teklibini kabul etmän, dutaryny alyp ýeke özüniň pars hanynyň ýanyna gidişi hakyndaky çuňňur filosofiki beýanatdyr. Türkmen halkynyň gylyk-häsiýetiniň we ruhy dünýäsiniň allegoriki nusgasyna öwrülen bu lenta ynsanperwerçilik gymmatlyklaryny wasp edýär.

Filmde beýan edilen kyn meseleleri zorluksyz görnüşde çözmäge, uruş we parahatçylygyň arasynda diňe parahatçylygy saýlap almaga wepalylyk ideýasy häzirkizaman Türkmenistanyň bitaraplygynyň ruhy çeşmeleriniň biridir.

Režissýor we ssenariçi B. Mansurowyň beýleki işleri hem edebi binýada esaslanýar. Meselem, rejissýoryň 1966-njy ýylda «Тürkmenfilm» kinostudiýasynda goýan ikinji doly metražly filmi «Teşneligiň gandyrylmagy» diýlip atlandyryldy we Ý.W. Trifonowyň adybir romanynyň äheňleri boýunça döredildi. Üçünji film «Gyrnak» Andreý Platonowyň «Таkyr» hekaýasynyň esasynda surata düşürildi (ilkinji gezek 1970-nji ýylyň 17-nji awgustynda tomaşaçylara görkezildi).

Minskide geçen IV Bütinsoýuz kinofestiwalda bu film suratkeşiň (Ş. Akmuhammedow «Ýediler» döredijilk birleşiginden) iň gowy işi boýunça I sylaga mynasyp boldy. XVIII asyr türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly hakda «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» atly terjhimehal filminiň ssenarisini B. Mansurow Gylyç Kulyýewiň «Magtymguly» romanynyň äheňleri boýunça ýazdy. Taryhy kinoepopeýa «Gadymy bulgarlaryň rowaýaty» Bulat Mansurowyň iň soňky döreden filmidir.

Bulat Mansurow «Тürkmenfilm», «Gazakfilm», 1976-njy ýyldan soň «Моsfilm» kinostudiýalarynda işledi. Ol Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (1991ý.), Russiýa Federasiýasynyň halk artisti (2003ý.) diýlen hormatly atlara mynasyp boldy, Gazagystanyň «Kurmet» ordeni bilen sylaglandy (2004ý.).

1992-nji ýyldan bäri B. Mansurow – S.M. Eýzenşteýn adyndaky kinomekdeplerini ösdürmegiň Halkara jemgyýetçilik gaznasynyň prezidenti. Şeýle-de ol RF-nyň kinorežissýorlar Gildiýasynyň wise-prezidenti, Rossiýanyň kinematografiýa sungatynyň we ylmynyň Milli Akademiýasynyň, Rosiiýanyň kinematorgrafiýa sungaty Akademiýasynyň («Nika») akademigi bolupdy.

Geçen ýylyň noýabrynda «Моska premýera» atlandyrylýan Arkalaşyk ýurtlarynyň kinosynyň 2-nji halkara festiwalynyň çäklerinde biziň ildeşimiz, häzirki adybelli rossýaly režissýor Myrat Alyýew 1848-nji ýylda Aşgabatda bolan weýrançylykly ýer titremesi hakdaky «Ýer titremesiniň çagalary» («Sary öküziň gijesi») filmini tomaşaçylara hödürledi. Ýigrimi ýyl gowrak mundan öň Bulat Mansurowyň ssenarisi boýunça surata düşürilen bu ikiseriýaly film ilkinji gezek uly ekranda görkezildi.

Filmiň režissýorynyň sözlerine görä, bu lenta Rolan Bykowyň Halkara gaznasynyň hemaýatkärliginde, has takygy, onuň türkmen bölümçesinde - «Nusaý» çagalar we ýetginjekler üçin kino-telewideniýe Merkezinde döredildi. Meşhur rus aktýory diňe bir «Ýer titremesiniň çagalarynda» baş gahrymanlaryň biriniň keşbini janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ähli döredijilik toparynyň ruhlandyryjysy bolupdy. Çapaý Iwanowiçiň keşbi Rolan Bykowyň döredijilik ömür ýolunda iň soňky döreden gahrymanydyr, ol ykbalynyň geň-taň ýazgydyna görä 1998-nji ýylyň oktaýabr aýynyň 5-den 6-na geçilen gijede, ýagny, kinogahrymanynyň sary öküziň pajygaly gijesinde ýogalan senesinden göni 50 ýyl soňra aradan çykypdy.

Оgulgözel REJEPOWA