Ï Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy

view-icon 2100

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu düzümler häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde harby we hukuk goraýjy edaralarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda tertip-düzgüniň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna şahsy düzümlerde alnyp barylýan taýýarlyk işlerini kämilleşdirmek, harby gullukçylar üçin zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy hem-de şahsy düzümleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy möhüm talap bolup durýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri üçin döwrebap binalar toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi hem-de häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi milli Liderimiziň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň, şol sanda harby ulgamdaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda gurlan häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, şeýle hem behişdi bedewleriň we öz ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge, terbiýelemäge bagyşlan türkmen atşynaslarynyňdyr seýisleriniň, ussat çapyksuwarlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler giň gerimli çäreleriň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzda behişdi bedewleriň ýetişdirilişi, tohumçylyk-seçgi işleri hem-de türkmen milli seýisçilik sungaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzda ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratynyň täzeden dikeldilendigi buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmen atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, dürli döwletlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň, hünärmenleriň, edara görnüşli taraplaryň işini utgaşdyrmak, ahalteke bedewleri baradaky maglumatlary toplamak, bu ugurda halkara maslahatlary we sergileri guramak maksady bilen, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli bedewleriň paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwlet derejesinde geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýändigi has-da guwançly ýagdaýdyr. Çapylýan atlara ideg etmek, olary seýislemek boýunça ýeterlik tejribe toplan seýisler ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny has-da belende götermäge mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly üns bermegi hem-de tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňra bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde ideg edilýän ikiýaşar bedewleriň arasynda 1 000 metr aralyga at çapyşygy geçirildi. Çapyşyklar bedewleriň ýokary derejede taýýarlanandygyny görkezdi. Biri-birinden öňe geçýän bedewler pellehana tarap okduryldylar, şunda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Näzik atly bedewi birinji geldi. Şeýle hem bu ýerde üçýaşar bedewleriň arasynda 1 müň 200 metr aralyk boýunça çapyşyk geçirildi. Bu çapyşyga hem saýlama bedewleriň dokuzysy gatnaşdy. Çapyşygyň ilkinji pursatlaryndan bedewleriň tizligi olaryň göwnejaý derejede türgenleşdirilendigini görkezdi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň Bagabat atly bedewi ýeňiji boldy. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Häzirki wagtda ahalteke bedewi şanly seneler mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň baş bezegine — nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralara degişli bedewleriň atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklere hem-de degişli ýaryşlara yzygiderli gatnaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bedewleriň gözellik bäsleşiginiň derejesi barha ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşjak bedewleri synlady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary bedewleriň gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagy üçin jemi dokuz bedewi taýýarladylar. Özboluşly reňk aýratynlyklary bolan we ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratly nesil ugurlaryna degişli bu bedewler owadanlygy, gelşikliligi, beden gurluşy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Bedewleriň dürli öwüşgindäki reňkleri, gelşikli aýaklary, owadan boýny, beden gurluşy, ýeňil gopuşy we çydamlylygy atşynaslaryň, seçgiçileriň hem-de seýisleriň köp sanly nesilleriniň döredijilikli we yhlasly zähmetiniň miwesidir. Nesilden-nesle geçirilýän atşynaslyk ýörelgeleri biziň döwrümize çenli gelip ýetdi, onuň netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenler, öz işine döredijilikli çemeleşýän ussat seýisler bar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklarymyzyň täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigine we Diýarymyzda atçylyk pudagynyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine hem-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda harby we hukuk goraýjy edaralarda atçylyk sportuny ösdürmek işleri hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylýar, bu çäreler bedewlere ideg etmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, seýislemek işlerini öz içine alýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ideg edilýän Hanbeg atly bedewe atlanyp, athanalaryň birine tarap ugrady.

Bahar paslynda dag eteklerinde emele gelýän gözel görnüşler ynsan ruhuny göterýär we adamlary täze, belent sepgitlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi tebigatyň ajaýyplyklarynyň baharyň ýakymly howasy bilen utgaşyp, bir bitewi gözelligi emele getirýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Bu künjekde hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklarynyň döredilmegi, çeşme suwlarynyň rejeli peýdalanylmagy ahalteke bedewlerini saklamak, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek üçin amatly howa gurşawy bolan Gökdere jülgesiniň özboluşly ajaýyplygyny görkezýär.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni tagallasy bilen bina edilen we häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, şeýle hem ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde möhüm orna eýe bolan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäklerinde degişli desgalaryň gurlandygyny bellemek gerek. Bu ýerde 600 baş ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen desgalar toplumy, onuň düzüminde bolsa edara binasy, muzeý, seýisler üçin okuw merkezi, 12 sany athana, ýaşajyk taýlara tälim bermek üçin ýapyk manež hem-de beýleki desgalar bar.

Bu toplumda işleýän atşynaslaryň we hünärmenleriň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, Kärizek geňeşligine degişli Aba Annaýew obasy döredildi. Onda ýaşaýan bagtyýar maşgalalaryň döwlet Baştutanymyza alkyşlarynyň çägi ýok.

Hormatly Prezidentimiziň yhlasyndan kemal tapan bu özboluşly şäherçede 240 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, dükan, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary hem bar. Hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi we döwrebap dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Täze toplum dünýä ölçeglerine kybap gelýän häzirki zaman enjamlary, ýörite awtoulaglar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ahalteke tohum atlaryna döwrebap ideg etmek, olary seýislemek hem-de atlaryň kesellerini anyklamak we bejermek üçin iň häzirki zaman şertleri göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Atlary talabalaýyk seýislemek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän toplum we döwrebap ýaşaýyş jaýlary bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbynda ýakymly görnüşleri döredýär.

Milli Liderimiz athanada ideg edilýän bedewleriň ýagdaýy hem-de olara degişli esbaplaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli harby bölümiň gullukçysy bu ýerde saklanýan çapuw atlary, olaryň iýmitleniş derejesi hem-de bedewlere berilýän iýmleriň görnüşleri, olaryň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çapylýan atlara iým bermegiň aýratynlyklary barada aýdyp, olaryň ýyndamlygynyň, esasan, iýmitine baglydygyny belledi we bu babatda birnäçe maslahatlary berdi. Bu şöhratly pederlerimiziň döreden milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan we çapylýan atlary seýislemekde baý tejribe toplan milli Liderimiziň at seýislemegiň inçe syrlaryny mäkäm ele alandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Bu ýerde işleýän harby gullukçy höwür atlary idetmegiň aýratynlyklary, olaryň saklanýan ýerleriniň arassaçylygyny degişli derejede saklamak üçin alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Bu ýerde bedewe degişli birnäçe esbaplar, eýerler we nallar hem görkezildi. Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik rotasynyň serkerdesi ata nal kakylyşyny görkezdi. Atlaryň, daglyk ýerlerde ulanylýan bedewleriň we çapuw atlarynyň nallarynda özboluşly aýratynlyk bar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, nallaryň görnüşlerinde bolşy ýaly, olaryň her bedewiň toýnagyna laýyk ölçeglerinde hem tapawut bolmalydyr we bedewlere nal kakmagyň milli kadalary berk berjaý edilmelidir, munuň özi bedewleriň aýaklaryna şikes ýetmezligi üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde 2020-nji ýylda doglan taýlaryň idedilişi, olary ösdürip ýetişdirmekde gadymy seýisleriň ulanan usullarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Athanada şu ýyl doglan taýlar saklanýar. Eneleriniň ýanynda bolýan bu taýlaryň sazlaşykly ösmegi hem-de beden gurluşynyň talabalaýyk bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu işlerde türkmen seýisleriniň bize miras goýan asylly ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmalydygyny belledi. Munuň özi arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagynda, türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende göterilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen seýisleri beýik atçylyk medeniýetiniň gözbaşynda bolupdyr, şol medeniýetiň şan-şöhraty bütin dünýä ýaýrapdyr. Ata-babalarymyz bedewleri ýaşlykdan seçip alyp we olary beýleki tohumlar bilen garyşmakdan gorap, ajaýyp atlaryň aýratyn tohumyny döredipdirler. Sahawatly türkmen topragy ähli döwürlerde iň gowy tohum atyň ýetişdirilen mekanyna öwrüldi. Şol bedewler bolsa dünýäde beýleki meşhur at tohumlarynyň birnäçesiniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýörite meýdançasyna baryp, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň konkur bäsleşiklerine gatnaşdyrmak üçin taýýarlaýan bedewleriniň türgenleşiklerini synlady. Sportuň bu görnüşinde üstünlik köp babatda adamyň we atyň sazlaşykly hereketine baglydyr. Üstünlik bolsa köpýyllyk tutanýerli türgenleşikler arkaly gazanylýar. Çapyksuwar batyrgaýlyk, aýgytlylyk ýaly häsiýetleri bilen ýaryş mahalynda özüniň sport kömekçisiniň hereketlerini öňünden duýmaly bolýar. Şeýle ukyby bolan çapyksuwaryň üstünlige mümkinçiligi artýar.

Atçylyk sporty ynsan bilen bedewiň sazlaşykly arabaglanyşygyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda at çapmak we at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmek sungatyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi müňýyllyk taryhy hem-de baý däpleri bolan atçylyk sportunyň bu günki günde sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow höwür atlaryň saklanýan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu bedewlere edilýän ideg işleri bilen tanşyp, olara jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy hem-de degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimize täze dünýä inen taýçanak görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu taýçanak şöhratly Gelşikliniň ugruna degişli Genjim bilen Gülnahalyň nesli bolup durýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan täze doglan taýa at dakyp bermegini haýyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Esger diýip at goýdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň 19 — 25-nji apreli aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde geçirilýän senesi mynasybetli dünýäde şöhrat eýesi bolan Polatly, Ýanardag, Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygy mynasybetli bina edilen on atyň heýkelleriniň hem-de ata atlanan dutarly ýigidiň, şeýle hem alabaýyň heýkelleriniň ýanynda ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda çeper okaýyşlary, aýdym-sazly çykyşlary guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu çärelere döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanýan harby gullukçylaryň gatnaşdyrylmalydygyny aýtdy we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklaryň hem-de halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan türkmen bedewleriniň we alabaýlarynyň şahyrana waspyna öwrülmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýan ýere tarap ugrady. Häzirki döwürde bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri tamamlandy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow toplumyň desgalarynyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu ýerde ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer täze toplumyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylmagynyň hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilliligi, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşykda we milli öwüşginde bolmagy möhüm talapdyr diýip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleriniň döredilendigini bellemek gerek. Munuň özi taryhyň dowamynda paýhasly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlygynyň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýynyň tohumyny has-da gowulandyrmak hem-de sanyny artdyrmak bu ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz alabaý itleriniň taryhyny ylmy esasda öwrenmek hem-de has belli nesil ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu ugurda degişli alymlar, oba hojalyk toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi wepadarlygy, gaýduwsyzlygy hem-de emlägi, öý goşlaryny, goýun sürülerini goramakda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratynyň artmagyny şertlendirer diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

2020-nji ýylyň maýynda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Onuň esasy maksady türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmekden, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejä çykarmakdan ybaratdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň hormatyna dabaralaryň şowhunly we milli ýörelgelere kybap derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz şunda alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlaryň içgin öwrenilmelidigine we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilýän şanly senesi mynasybetli açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Şol dabaralarda eziz Diýarymyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz paýhasly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlygy hem-de halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaý itleriniň şöhratyna şöhrat goşýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi