Türkmenistanyň Tbilisidäki diplomatik wekilligi mini-futbol boýunça ýaryş gurady

eye
436
Türkmenistanyň Tbilisidäki diplomatik wekilligi mini-futbol boýunça ýaryş gurady

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy  5-nji aprelde Bütindünýä  saglyk gününe bagyşlap mini-futboldan ýaryş geçirdi. Bu ýaryşa ilçihanalaryň wekilleri, şeýle-de gruziýaly türgenleri gatnaşdy.   

Turniriň açylyş dabarasynda  BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda halkara parahatçylyk we ynanyşmak Ýyly  diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň Türkmenistanda «Тürkmenistan  - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň astynda geçýändigi  bellendi. 

Şunuň ýaly hem Türkmenistanda  sagat ýaşaýyş ýörelegsini, ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi giň ýaýratmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylýandygy   nygtalyp aýdyldy.

Ýaryş tamamlanansoň  onuň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.