Sagdynlyk, sport, däpler: maksatlaýyn serginiň eksponatlary näme hakda gürrüň berýär

eye
786
Sagdynlyk, sport, däpler: maksatlaýyn serginiň eksponatlary näme hakda gürrüň berýär

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty Muzeýinde açylan sergi 7-nji aprelde, ýagny 1948-nji ýylda Saglygy goraýşyň Bütindünýä guramasynyň döredilen gününde bellenýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar. Sergi çeper suratlardan, amaly-haşam sungatyndan we fotosuratlardan ybarat.

Sungat muşdaklaryna milli suratkeşlik mekdebiniň ussatlary: Pawel Korolewiň «Professor Sary Karanow», Nyýazmyrat Dowodowyň «Oba hassahanasy» we «Professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa» ýaly eserlerini we beýleki halypalaryň täsini galdyryjy işlerini synlamaga ýene-de bir gezek mümkinçilik döredi.

Ýakup Annanurowyň enelere bagyşlanan kartinasynda: Aşgabadyň bäbekhanasy, gujagy çagaly bagtyýar ene-ata, ýaş maşgalanyň begenjine goşulýan lukmanlar suratlandyrylypdyr.

Däbe görä sergini guraýjylar onuň bir bölümini sporta bagyşlapdyrlar. Çary Owwaýew («Ýaryş başlanmaka»), Аnnadurdy Almämmedow («Futbolçylar») we Jumadurdy Bekdurdyýew («Ilkinji duşuşyk») dagylar sagdyn durmuş ýörelgesini, ýeňşe ymtylýan okgunly hyjuwy we sportuň çalasynlygyny wasp edýän we sport türgenleşigi hakdaky suratlaryny sergä hödürläpdirler.

Şeýle hem bu ýerde fotosuratlara uly orun berlipdir. Olaryň birinde – şahsy ulaglar üçin şaýolynda wagtlaýyn gatnaw kesilen häzirkizaman Aşgabat şekillendirilýär. Sebäbi hut şu pursatda bu giň köçede tigir sürüjiler derýa dek akyp pellehana tarap howlugýarlar. Şeýle köpçülikleýin tigir bäsleşigi her ýylyň 3-nji iýunynda ─ biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan yglan edilen tigiriň Bütindünýä gününde geçirilýär.

Türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryna bagyşlanan suratlarda-da sagdyn durmuş ýörelgesi gürrüň berilýär. Şolaryň biri-de Bekdurdy Jumadurdyýewiň «Hoştap gün» atly kartinasydyr. Awtor Gökdere jülgesini bahar lybasynda çeper görkezýär. Suratyň merkezinde – täsin syrly ýazgylar görnüşinde ýapraksyz äpet uly çynar dur, ol ýalaňaç şahalaryny çar tarapa «uzadýar». Muzeýiň hünärmeni Nurýagdy Babaýewiň düşündirişine görä, eseriň kompozisiýa çözgüdi onuň düýp manysyny açýar, bu ýerde: ýaşyl maýsalar, oglan we gyz – ýaşlygy, çynar bolsa – danalygy hem-de däp-dessurlary aňladýar...

Таmara GLAZUNOWA

 Suraty: Ýuriý ŞKURINIŇKI