Ï Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň çempiony bolup bilermi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň çempiony bolup bilermi

view-icon 7016
Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň çempiony bolup bilermi

9-njy aprelde geçiriljek Bellator 255 tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri Kori Anderson bilen Döwletjan Ýagşymyradowyň arasynda bolar. Halkara Metaratings sport saýty Döwletjan Ýagşymyradow üçin bu söweşiň ilkinji synanyşykdygyny belläp, bäsleşigiň şeýle güýçli ýagdaýynda türkmen türgeniniň Bellatoryň çempiony bolup biljekdigi hakdaky pikirleri öňe sürýär. 

Türgeniň ýaşlyk ýyllary we ilkinji ädimleri 

Türkmenistana wekilçilik eden ilkinji türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow ACB-niň, soňra-da ACA-iň çempionydyr. Döwletjan 1989-njy ýylda eneden doguldy. 6 ýaşynda heniz mekdepde okaýarka karate bilen meşgullanyp ugrady. Eýýäm 11 ýaşynda öz ýaşytdaşlarynyň arasynda karate boýunça ýurduň çempiony boldy. 17 ýaşynda Döwletjan Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryna çagyryldy we uly seržantyň derejesinde gullugyny tamamlady. Ýagşymyradow professional sport bilen 2012-nji ýylda Harkowda meşgullanyp başlady. Erkin göreş we greppling boýunça Harkow oblastynyň çempiony bolansoň, 2012-nji ýylyň martynda Döwletjan Oplot Challenge 1 turniriniň çäginde Rudolf Kriz bilen bäsleşýär. Ilkinji professional söweş deňme-deň tamamlanýar. 2012 – 2013-nji ýyllarda Ýagşymyradow 13 sapar ýaryşa gatnaşyp, olarda 9 ýeňiş gazanýar we 3 gezek ýeňilýär. 

ACA boýunça bäsleşikler we Bellator tapgyrynda ilkinji synanyşyk

2017-nji ýylyň başynda Döwletjan ACB-de ilkinji gezek güýjüni synap gördi. Den Koneskini ikinji tapgyrda tehniki nokautda ýeňip, şol ýylda ýene-de iki söweşe gatnaşyp öz üstünligini has-da berkitdi. Şol söweşleriň ikisinde-de türkmen türgeni ýeňiş gazandy. 2018-nji ýylyň maýynda ýarym agyr agramda Batraz Agnaýewi III tapgyrda ýeňip ACB-niň çempiony boldy. 

ACB gurluş taýdan üýtgedilensoň Döwletjan çempionyň titulyny 3 gezek gorady. Häzir Döwletjan Harkowyň «Аlabaý» sport merkezinde türgenleşýär. Mundan başga-da, Dagystanyň «Dagly» türgenleşik merkezinde Magomed Ankalaýew we Bozigit Ataýew dagylar bilen bilelikde bäsleşiklere taýýarlanýar. Ilkinji Bellator synagyna Döwletjan rekord netijeleriň 18-5-1 görkezijileri bilen geldi. Biz şu hepde-de Döwletjanyň Bellator 255 boýunça özüni görkezip we ýarym agyr agramda titul üçin göreşde mundanam öňe saýlanyp biljekdigine ynanýarys. 

Metaratings saýt Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator bäsleşiginiň Gran-pri tapgyryna gatnaşyşy we öz bäsdeşi barada aýdan sözlerini mysal getirýär: «Hiç gorkuly zat ýok. Biziň hemmämiz türgenler, hemmämiz taýýarlanýarys, garşydaşym pes türgen däl. Hemmesi şowuna düşer diýip pikir edýärin. Eger Biribar ýolumyzy açsa, onda Gran-priniň hem ýeňijisi bolarys. Beýleki türgenleriň söweşlerini görmedim, Anderseni weli gördüm. Onuň güýjüniň näderejede howpludygyny aýdyp biljek däl. Bu göreş, onda hemme zatlar bolup biler. Ylaýta-da, biziň agramymyzda bir zarply urgy hemme zady çözýär. Iň esasysy – aýdyşlary ýaly gerek wagtynda, zerur pursatynda gijä galmazlyk. Ine, şonda hemme zat çözüler». 

Metaratings saýtynyň maglumatlary boýunça