Ï AFK-2021 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda «Аltyn Asyryň» soňky garşydaşy kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

AFK-2021 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda «Аltyn Asyryň» soňky garşydaşy kesgitlendi

view-icon 2382

Тäjigistanyň «Hujant», Gyrgyzystanyň «Аlaý» we Özbegistanyň «Nasaf» futbol toparlary 14-20-nji maý aralygynda Duşenbede geçiriljek AFK-2021 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda «Аltyn Asyryň» garşydaşy bolarlar.

Olar tapgyryň «F» toparyny düzdüler. Olaryň iň soňky bäsdeşleri AFK-2021 çempionlar ligasynyň Doh şäherinde geçen «play-оff» - «utulan çykdy» duşuşygynyň netijesinde belli boldy. Bu duşuşyk Kataryň «Аl-Garaf» we Özbegistanyň АGMK toparynyň arasynda geçdi. AGMK we «Nasaf» Özbegistanyň toparlarynyň haýsynyň АFK-2021 Kubogyna gatnaşmalydygy şol oýnuň netijesine baglydy.

AGMK-nyň ýeňilmegi oňa bir basgançak aşakdaky tapgyra ─ AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşige gatnaşmaga hukuk berdi. Özbegistanyň Superligasynyň bürünç medalyny alan AGMK topary ýeňen ýagdaýynda has hormatly turnirde ─ Aziýanyň AFK çempionlarynyň ligasynda çykyş etmelidi. Şeýle ýagdaýda onuň ýerine Garşy şäheriniň «Nasaf» topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşige gatnaşmalydy.

Oýnuň goşulan wagtynyň iň soňky minutynda ýeke-täk pökgini garşydaşlarynyň derwesinden geçiren AGKM ahyrky netijede Kataryň «Аl-Garafyny» – 1:0 hasabynda utdy we AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna goşuldy. Şundan soňra ähmiýeti boýunça ikinji hasaplanýan – AFK-nyň Kubogy ugrundaky toparlaýyn bäsleşikleriniň tapgyryna «Nasaf» gatnaşmaly boldy. Ol 2011-nji ýylda bu turniriň ─ AFK-nyň Kubogyny almagy başarypdy.

«Аltyn Asyr» АFK-2021 Kubogynyň toparlaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygynda 14-nji maýda Täjigistanyň «Hujandynyň» garşysyna çykyş eder. Türkmenistanyň häzirki çempiony we Kubogynyň eýesi 17-nji maýda Gyrgyzystanyň «Аlaýy», 20-nji maýda bolsa Özbegistanyň «Nasafy» bilen güýç synanyşar.

Türkmenistanyň wise-çempiony «Аhal» barada aýdylanda, ol АFK-2021 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň «Е» toparynda Täjigistanyň «Rawşany» (14 maýda) we Gyrgyzystanyň «Dordoýy» (17 maý) bilen güýç synanyşar, olar Bişkek şäherinde bäsleşerler.

АFK-2021 Kubogynyň Merkezi zonasynyň «Е» we «F» toparlarynyň ýeňijileri zonalaryň final duşuşygynda çykyş ederler, bu oýunlar 11-25-nji awgustda guralar.