Ï Türkmenistanyň Buharestdäki diplomatik wekilligi sport bäsleşigini gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Buharestdäki diplomatik wekilligi sport bäsleşigini gurady

view-icon 2349

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharest şäheriniň Politehniki uniwersiteti (UPB) bilen bilelikde bu okuw jaýynyň sport toplumynda mini-futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça biziň ýurdumyzdan okamaga baran hem-de beýleki ýurtlaryň talyplarynyň arasynda ýaryş gurady.

Sport çäresiniň açylyşynyň dabarasynda uniwersitetiň rektory Mihnea Kostoiu we Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamuhammet Annaýew dagy ýygnanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi hem-de sportuň jebisleşdiriji ähmiýetini nygtadylar.

Mini-futbol boýunça tapgyrlara: Buharest, Kluž şäherlerinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşýan «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk», «Ýüpek ýoly» we rumyn talyplaryndan düzülen «UPB» hem-de «FILS» (Inženerçilik we daşary ýurt dilleri bölüminiň topary) türgenler toparlary gatnaşdy.

Ýaryşda birinjiligi daşary ýurtly talyplaryň - «FILS» topary, ikinjiligi - «Ýüpek ýoly» we üçünjiligi bolsa - «Garaşsyzlyk» toparlarynyň futbolçylary eýelediler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis bäsleşiginde talyp gyzlar güýç synanyşdylar.

Ýaryş tamamlanandan soň onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Hemmelere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Sport baýramçylygynda oňa gatnaşaýanlara we sport janköýerlerine türkmen tagamlary hödür-kerem edildi.