Ï Lebap täzelikleri: ýüpek pile önümçiligi we esasy gazgeçirijiniň gurluşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap täzelikleri: ýüpek pile önümçiligi we esasy gazgeçirijiniň gurluşygy

view-icon 1771

Amyderýanyň jülgesinde ýüpek gurçugyny iýmitendirmek başlandy. Ýüpek gurçugynyň tohumy günorta-gündogar– Köýtendag, Hojambaz, Kerki we Halaç etraplaryna ilki paýlandy. Bu künjegiň amatly howa şertleri ýüpekçilik möwsümine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik döretdi. 

Lebap welaýaty – Türkmenistanda ýüpek gupçugynyň tohumyny iň köp taýýarlaýan  sebitdir. Şu ýylda welaýatyň ýüpekçileri 1010 tonna ýokary hilli pile taýýarlamaly, ol ýurtdaky öndürilýän gymamatly ýüpek çig malynyň ähli möçberiniň ýarsyna golaýdyr. 

***

Uzynlygy 125 kilometre barabar ýokary basyşly täze esasy gazgeçirijiniň gurluşygyna başlandy. Ol gözbaşyny Üçajy gaz çykaryjy magdan ýatagyndan alyp gaýdýar we Çärjew etrabynyň çöllük ýerlerine çenli uzaýar hem-de bu ýerde gurulýan kuwwaty 432 Меgawatlyk häzirkizaman gazturbinaly elektrik beketini mawy ýangyç bilen üpjün eder. 

Lebapda iň uly we ýurdumyzyň gündogar sebitindäki üçünji gazturbinaly elektrik beketiniň gurluşygynyň ahyrky tapgyry başlanýar. Bu desgada dünýä belli tehnika öndürijileriň iň häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylar. 

Çärjew etrabynda gazturbinaly täze elektrik beketiniň işläp başlamagy  Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar. 

Berdimyrat JUMAÝEW