Ï Elde tikilýän aýakgaplar: telekeçilik we owadanlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elde tikilýän aýakgaplar: telekeçilik we owadanlyk

view-icon 3651

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan telekeçi Arslan Möwlamowyň  aýakgap ussahanasynda erkek, aýal we çaga köwüşleriniň 170 görnüşi tikilýär.  

Häzir bu ýerde owadan we amatly aýakgaplary taýýarlaýan köwüş ussalary zähmet çekýär. Önümleriň çig maly – ýörite eýlenen ýokary hilli gön «Aksuw» (Аhal welaýaty) Hojalyk jemgyýetinden satyn alynýar. 

Telekeçi Arslan Möwlamow: - Elde tikilýän aýakgaplar häzir öňki döwürlere garaňda has döwrebap - diýip hasaplaýar, - olar harydyň hiline we ownuk işlerine jikme-jik üns bermegi talap edýär. Bu işde her bir hereket: ölçeg almak we her müşderi üçin aýratyn galyp ýasamakdan başlap, taýyn aýakgaplary reňklemäge çenli harydyň daşky görnüşiniň birkemsiz owadanlygyny üpjün edýär. 

Bu hususy kärhananyň işe başlanyna göni bir ýyl doldy. Gönden berk, gelşikli tikilen we arzan aýakgaplara isleg köp birdirilýär, olar welaýatyň merkezi – Türkmenabatdaky firma dükanlarynda, şeýle hem – Kerki, Köýtendag, Hojambaz etraplarynyň ilatyna satylýar. Köwüşçiler müşderileriň şahsy sargydy boýunça hem aýakgap tikýärler. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergide Arslan Möwlamowyň kärhanasynyň önümleri Diploma mynasyp boldy. 

Wladimir KOMAROW