Ï Daşoguz welaýatynda ýeralma we sogan ekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda ýeralma we sogan ekildi

view-icon 2582

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazygynda ýeralma ekmek boýunça oba hojalyk işlerini ilkinji bolup tamamladylar. Bu etrap welaýat boýunça hasylyň iň köp öndürilýän ýeridir. Şu ýyl bu ýerde 950 gektara ýeralma ekildi.

S.А.Nyýzow adyndaky etraby boýunça ýeralma ekilen meýdanyň möçberi 450 gektary eýeleýär. Tutuşlygyna alanyňda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bu ýylky ýaz ekişine bölünip berlen bir müň dokuz ýüz gektarda möhüm agrotehniki çäreleri geçen ýylyň degişli döwründen has gysga möhletde tamamladylar.

Şol bir wagtda sebitde düýp soganyň ekiş işleri hem tamamlandy. Soganyň hasyly ýokarda atlary agzalan iki etrapda hem-de Gubadag etrabynda öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has köp öndürilýär.

Ikinji gezek hasyl almak üçin ýeralma bilen soganyň güýz aýlarynda ýene-de ekilmelidigini bellemek hökmandyr. Geçen ýylda Türkmenistanyň demirgazygynda ilkinji gezek bir müň gektar meýdanda köpçülikleýin tertipde gyşky soganyň ekilendigini bellemek ýerliklidir. Hünärmenler bol hasyla garaşýarlar.

Batyr ÖRÄÝEW