Türkmenistanyň diplomatik wekilligi Parižde mini-futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny gurady

eye
709
Türkmenistanyň diplomatik wekilligi Parižde mini-futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny gurady

11-nji aprelde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap mini-futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny gurady.

Bu sport bäsleşigine GDA ýurtlarynyň Fransiýadaky we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.

Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşyk tamamlanansoň oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýadygärlik sylaglary berildi.