Ï Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi

view-icon 1571
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi

Megerem Türkmenistanda Mämmet Mämmedowyň çeken suratlaryny bilmeýýän ýok bolsa gerek Ol altmyşynjy ýyllaryň suratkeşleriniň «Ýediler» diýip at alan meşhur ussatlaryň biridi. Onuň ýiti galamyndan dörän «Kompozitor Nury Halmämmedow», « Türkmen emeli derýasynyň açylyşy», «Suw sepijiler», « Älem-Jahan hakda söhbet», «Suw hakda dileg» ýaly hem-de ýene-de ençeme beýleki eserleri paýtagtyň Şekillendiriş muzeýiniň guraýan sergilerinde yzygiderli görkezilýär.

Ýöne biz bu makalada suratkeşiň özi däl-de, ömrüni oňa we döredijiligine bagyşlan zenan ─ ussat suratkeşiň ylham çeşmesi barada gürrüň bereris.

Türkemenistanyň Sungatda at gazanan işgäri Galina Alekseýewna Mämmedowa 1943-nji ýylda daşy gabalan Leningradda dogulýar. Uruş ýyllarynyň çagasy Galina Leningradyň çeperçilik-tehniki mekdebebinde okaýarka, şol mahallar I. Ý. Repin adyndaky şekillendiriş, heýkeltaraşlyk we arhitektura instiutynyň talyby Mämmet bilen tanyşýança alyslarda bir ýerlerde yssy çöl ülkäniň bardygyndan bihabardy.

Garagözelek ýigit Leningrada surat çekmegiň inçe tilsimlerini ele almaga gelipdi. Çagalar bagynda terbiýelenen Mämmet Mämmedow institutda öwrenen bilimini dogduk diýary Türkmenistanda köplere ýaýratmagyň arzuwyny edýärdi.

Hawa, Mämmet ýaş gyz Galina güneşli Aşgabady, türkmen halkynyň gadymy medeniýetini tanyşdyrypdy we ony öz gelinligi hökmünde Aşyklar şäherine ýaşamaga çagyrypdy.

– Оl örän şadýandy, gitara çalardy, ezber surat çekerdi hem-de Orta Aziýa barada hiç bilmeýänime çyny bilen gülerdi – diýip, Galina Alekseýewna ýatlaýar, – biz ýedi ýyllap diňe dostluk aragatnaşygyny sakladyk. Haçanda ony öýmüze myhmançylyga çagyramda ejemiň oňa syny oturypdy. Men başdan Mämmediň özüm hakda çynlakaý pikir edýänligini aňypdym.

Leningradly gyza türkmen ýigidine durmuşa çykmak Aziýanyň medeniýetini, däp-dessuryny başbitin kabul etmegi aňladýardy. Eletde bu aňsat ädim däldi, dogrusy, bu mesele Mämmediň özüne-de aňsat düşmändi.

Söýgüsiz ýeke günem ýaşaýşyň ýokdugyna düşünen Galina ýol şaýyny tutup, alysdaky Aşgabada tarap ýola düşüpdi.

– Bu waka 1964-nji ýylda bolupdy. Men uçaryň üstünden ilkinji gezek Hazar deňzini, Garagum çölüni, Köpetdagyň baýyrlaryny gördüm. Tylla günüň şöhlesine çümen Aşgabat meni gujak açyp garşylady, ol hoşniýetliligi bilen Leningradyň etegindäki Lug şäherjigini ýatladýardy. Men hamala şahyr Mandelştamyň öz setirlerinde ýazyşy ýaly: göz açyp beýnimiň bekän şäherime gaýdyp gelen ýalydym...

Aşgabatda Mämmedowlar agzybir durmuşda ýaşadylar, bu ýerde olaryň çagalary dünýä indi. Adamsynyň sypaýylygy bilen Galina türkmenleriň medeniýetiniň özboluşly we geň galdyryjy dünýäsine çuň aralaşyp gitdi. Öwrenişensoň asla yzyna- Rossiýa gaýdasy hem gelmedi.

1981-nji ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygynda bu suratkeş zenan paýtagtyň bezegini, onuň baýramçylygynyň nyşanyny döretdi. Bu ýerde ýarym asyr ýaşansoň: «Heý-de, öz ömrüňizde nämedir bir zatlyry üýtgemek isleýän wagtyňyz bolýarmy?» diýen soraga Galina Alekseýewna: « Ýok, hiç wagt, Aşgabat – meniň Watanym!» - diýip, jogap berýär.

Swetlana ÇIRÇOWA