Ï Watanymyzyň medeni merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň medeni merkezi

view-icon 4623

Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçlyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar.

Aşgabatda milletiň döredijilik we ruhy kuwwaty jemlenendir. Muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp döwrebap binalary, kinokonsert hem-de sergi zallary, açyk sahna meýdançalary we beýlekiler paýtagtymyzyň hakyky bezegi we medeni durmuşynyň merkezleridir.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Astana köçesiniň ugrunda açylan, sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik berýän “Jahan” döredijilik merkezi bu sanawyň üstüni ýetirdi. Onda nakgaşlyk we ses ýazýan studiýalar, tans toparlary, orkestrler, çagalar hory, aýdym-saz toparlary üçin otaglar we beýlekiler bar.

Döwlet kitaphanasyny, Döwlet muzeýini hem-de Mukamlar köşgüni birleşdirýän Döwlet medeniýet merkezi giň gerimli döredijilik forumlarynyň, şol sanda halkara çäreleriň geçirilýän ýeridir.

Döredijilik serişdeleri ýokary hünärli işgärlerden hem ybaratdyr. Olar paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerde — Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda we täze döwrebap binalarda ýerleşen köp sanly ýörite orta okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar.

Döredijilik şäherçesiniň toplumy paýtagtymyzyň täsin desgalary bolup durýar. Şol ýerde Türkmen döwlet medeniýet instituty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty, institutyň talyplary we mekdep-internatyň okuwçylary üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi, şol sanda bu ulgamyň wekilleri üçin has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär.

Mälim bolşy ýaly, Medeniýet şäherçesini döretmek başlangyjy milli medeniýeti we sungaty ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Milli Liderimiz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu toplumyň açylyş dabarasynda çykyş edip, halypaçylygyň ajaýyp däplerini dowam etdirmek hem-de milli medeniýetiň dowamatlylygy bilen baglylykda, onuň döredilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna bu toplum sazandalaryň, edebiýatçylaryň, suratkeşleriň, sahna ussatlarynyň täze zehinli hem-de aň-paýhas tarapyndan ösen neslini terbiýelemäge ýardam etmelidir, milletiň baý döredijilik kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, täze taryhy eýýamda mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän belent ruhy däplerini artdyrmaga we baýlaşdyrmaga hyzmat etmelidir.

Medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerini hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek meselesi hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olary jogapkärli hem-de hormatly wezipä — täze döwrüň gazananlaryny döredijilik taýdan beýan etmek, Türkmenistanyň mundan beýläk-de oňyn demokratik we ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine ýardam edýän güýje öwrülmek wezipesine ugrukdyrýar.

Döredilen ajaýyp şertler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özleriniň eserlerinde mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň hünär taýdan ösmegine ýardam edýär.

Ak mermerli paýtagtymyz hem döredijiligiň üns merkezinde durýar. Ol meşhur şahyrlar we kompozitorlar tarapyndan yzygiderli wasp edilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dürli ýyllarda Aşgabat barada ajaýyp saz eserleri döredildi. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşda-da meşhur bolan Myrat Sadykowyň ýerine ýetirmeginde türkmen paýtagtyny wasp edýän ajaýyp aýdym ençeme nesilleriň ýadynda galandyr.

Belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň hem-de şahyr Geldi Bäşiýewiň “Aşgabat” diýen aýdymy hem örän meşhurdyr. Bu aýdym saz sungatynyň dürli nesilleriniň wekilleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda bu ugurdaky döredijilikli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň 140 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda geçirilýän konsertler hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň şanyna täze eserleri döretmek babatda yglan edilýän bäsleşikler hem bellenilmäge mynasypdyr.

Döwlet Baştutanymyz aýdym-saz bäsleşiklerini guramagyň ähmiýetini nygtap, eziz Watanymyzyň ak mermerli paýtagtyna bagyşlanan aýdymlaryň, goşgynyň, sazyň hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygynyň sazlaşygynyň beýanyna öwrülmelidigini, özünde mähriban halkymyzyň belent döredijilik ruhuny jemlemelidigini belledi.

Ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp goşgyny döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik ulgamynyň wekillerine ajaýyp görelde görkezýär. Ine, şol eserden birnäçe setirler:

 Aziýaň dür — merjeni,
Ak şäherim Aşgabat!
Dost — doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat!

Galkyp ganat gerdigim,
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyň,
Ak şäherim Aşgabat!

Milli Liderimiziň agtygy Kerimiň döreden sazy esasynda bu goşgy söýgüli şäherimize bagyşlanan ajaýyp we ruhubelent aýdyma öwrüldi. Bu eseriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan Aşgabat diýlip atlandyrylan taýçanagyň dogulmagy mynasybetli ýazylandygy bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň okgunly ösüşini ahalteke bedewiniň bady bilen deňeşdirmek babatda emele gelen ajaýyp däp barada ýatlatmalydyrys. Aşgabat atly taýçanak gözelligi hem-de syratlylygy, ýaşlygy we juwanlygy alamatlandyrýar. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň baş şäheriniň keşbine hem kybap gelýär.

Häzirki Aşgabat geljege tarap ynamly barýan şäherdir. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan belent ruhy medeniýetiň dowamatlylygy aýawly saklanylýar. Alymlaryň ylmy barlaglary we arheologlaryň açyşlary hem muny tassyklaýar.

Paýtagtymyzyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ýüze çykarylan gadymy oturymly ýeriň yzlary şolaryň biridir. Şol ýerde türkmen paýtagtyny ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň takmynan ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwuklyk saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy.

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen hemmämize mälim bolan düşünje Aşgabatda anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ol aýawly saklanylýan ruhy däplerde we milli dessurlarda hem-de ägirt uly desgalarda, geçen döwürlerde ýaşan ajaýyp adamlara, şol sanda akyldar şahyrlara, sazandalara we ýurdumyzyň şan-şöhratyny artdyran beýleki medeniýet işgärlerine dikeldilen ýadygärliklerde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ýakyn wagtda Köpetdagyň eteginde täze ägirt uly ýadygärlik — beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hormatyna beýikligi 60 metre barabar bolan, bürünçden ýasalan heýkel açylar. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty baky Bitarap döwletimiziň paýtagtynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iri merkezi hökmünde ykrar edilmegine mümkinçilik berdi. Paýtagtymyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň mundan beýläk-de okgunly ösüş, häzirki dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we ahlak esaslaryny aýawly saklamak üçin şertleri döretmek babatda öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanýar.

Türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň giňden bellenilýän 140 ýyllyk senesi şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň kuwwatly binýadynyň, ösen medeniýetiniň hem-de dünýäniň halklarynyň köpöwüşginli maşgalasynda gaýtalanmajak ornunyň bolmagy, ilkinji nobatda, türkmenleriň özüniň ruhy köklerine wepalylygy bilen şertlendirilendir.

Türkmenistan dünýä giňişliginde diňe bir uly ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz döwlet hökmünde däl, eýsem, ägirt uly ruhy-döredijilik taýdan kuwwatly ýurt hökmünde hem ykrar edilip, giň medeni alyşmalar syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Aşgabatda üstünlikli geçirilýän halkara forumlar we döredijilik çäreleri hem bu babatda möhüm ädim boldy. Şol çäreleriň esasy maksady milli medeni mirasy aýawly saklamakdan we tutuş dünýäde giňden wagyz etmekden, dünýäniň halklary bilen döredijilik we ruhy gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda halkara çäreleriň ençemesi geçirildi. Olar medeniýetiň we sungatyň serhetlerden we uzak aralyklardan geçmäge ýardam edip, dürli halklary parahatçylyga, hoşniýetlilige hem-de ösüşe ymtylmasy babatda birleşdirýändigi baradaky hakykatyň mizemezdigini tassyklady. Şol çäreleriň hatarynda ajaýyp türkmen şahyrlary we akyldarlary Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Baýram hanyň, Mollanepesiň, Magtymguly Pyragynyň, Göroglynyň ömrüne we döredijiligine, Seljuklar eýýamynyň taryhy ýadygärliklerini, edebiýatyny we medeniýetini öwrenmäge, türkmen atşynaslyk sungatyna, Gündogar Türkmenistanyň orta asyr medeniýetindäki mirasyna, Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärliklerini öwrenmäge we beýlekilere bagyşlanan ylmy maslahatlar bar.

2012-nji ýylyň oktýabrynda, 2019-njy ýylyň maýynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII hem-de XIV forumlary üstünlikli geçirildi. Bu çäreler Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Döredijilik festiwallary hem-de medeni çäreler dostlugyň we özara düşünişmegiň özboluşly köprüleridir. Şolaryň hatarynda halkara teatr festiwalyny görkezmek bolar. Bu festiwal soňky ýyllarda türkmen paýtagtynda üç gezek guraldy.

Aşgabatda dünýäniň dürli döwletleriniň Medeniýet günleri ýaly döredijilik çärelerini geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Bu çäreler medeniýetleriň we halklaryň özara gatnaşyklary üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Aşgabatda geçirilýän “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly halkara sergi-ýarmarka medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary üçin täsirli meýdança bolup durýar.

Soňky ýyllaryň möhüm ähmiýetli medeni çäreleriniň hatarynda Wena balyny görkezmek bolar. Bu köpöwüşginli çäre Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen has giňelýän medeni gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşmak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigi bellärliklidir.

Şeýle hem Aşgabadyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) forumlaryny geçirmek üçin möhüm ähmiýetli meýdança öwrülendigini ýatlatmalydyrys. Bu gurama bilen netijeli gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

2020-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda onlaýn görnüşde «Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Medeni merkez hökmünde Aşgabat baradaky garaýyş «şäher medeniýeti» diýen düşünje bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi biziň paýtagtymyzyň ekologiýasyna we arassaçylygyna garaýşymyzy öz içine alýan aýratyn düşünjedir. Şu babatda medeniýet şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde, ajaýyp seýilgählerde we seýilbaglarda, bezeginiň täsinligi bilen tapawutlanýan ýaşyl meýdançalarda, tebigatyň ajaýyplyklarynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ekologiýa çäreleriniň geçirilmegi netijesinde, ak mermerli paýtagtymyz gür baglyga bürenýär. Aşgabadyň dünýäniň yşyklara baý şäherleriniň biridigini bellemek gerek. Gijelerine dürli reňkli yşyklar arkaly öwşün atmagy netijesinde, paýtagtymyz ertekiler şäherini ýatladýar.

Häzirki wagtda paýtagtymyz okgunly ösüşiň täze tapgyryny başdan geçirýär. Şäheriň ýaşaýjylarynyň uly megapolisi dolandyrmaga gatnaşmagyny üpjün etmäge, çagalardan başlap, uly ýaşlylara çenli paýtagtlylaryň her biriniň aňynda öz şäheriniň has gowy, arassa we owadan bolmagyna kömek bermek baradaky duýgyny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Şäheriň gününiň 25-nji maýda «Soňky jaň» dabarasy bilen bilelikde bellenilýändiginiň çuň manysy bar. Şol gün paýtagtymyzyň köçelerini mekdepleriň uçurymlary — özbaşdak durmuşa uly ynam hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basýan bagtyýar ýaşlar doldurýarlar.

Aşgabat juwan şäherdir we şoňa görä-de, onuň geljegi uludyr. Biziň töweregimizdäki durmuş näçe ýagty we gyzykly bolsa, şonça-da biziň mähriban şäherimiziň kuwwaty we mümkinçilikleri artýar. Medeniýet bolsa oňa ruhubelentligi bagyş edýär. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi bolan ak mermerli paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek strategiýasynda medeniýete möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi