Ï Çynar – Aziýanyň goýy saýaly daragty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çynar – Aziýanyň goýy saýaly daragty

view-icon 15383

Agaçlary we agaç görnüşli gyrymsy ösümlikleri öwreniji alym Sergeý Iwanowiç Işşenko agaçlar baradaky kitabyny «Äpet daragt» babyndan başlaýar. Onda Türkmenistanyň tebigatynyň bezegi kaşaň çynar barada gürrüň berilýär.

Gadym döwürlerde türkmenler parasatly we päk ýürek adama «çynar ýaly saýaly» diýipdirler, çünki çynaryň ýaýbaň şahalary tomus güni jana tenekar giňiş, gür saýa we sergin şemal berýär.

Çynar gadym döwürlerden bäri Köpetdagyň jülgelerinde we çeşmeleriniň golaýynda ösýär, ol şeýle hem Aşgabatda hem-de Ahal welaýatynyň hemişe suwy ýetik şäherlerindedir obalarynda gögerýär.

Hünärmenler çynara dünýäde iň owadan daragtlaryň biri diýýärler. Mundan başga-da, ol uzak ýaşaýan agaç. Mysal üçin, Egeý deňzindäki Kos adasynda onuň üýtgeşik bir daragty bar, onuň sütüniniň ini 18, belentligi 36 metre ýetýär. Dendrologlar onuň ýaşynyň ХХIII asyrdanam uludygyny kesgitlediler, ýerli ýol görkezijiler ony kölegesinde köpsanly okuwçylaryna sapak bermegi arzuwlan beýik lukman Gippokrat ekipdir diýýärler. Bu çynar 1933-nji ýylda adada bolan heläkçilikli ýer titremesinden aman galan az sanly agaçlaryň biridir.

Gippokratyň meşhurlygy netijesinde Gresiýanyň döwlet-şäherlerinde çynary guýylaryň, ybadathanalaryň golaýynda we ýollaryň gyrasyna ekipdirler. Miladydan öňki 390-njy ýyllar töweregi harby ýörüşleriň birinde agaç Italiýa düşýär. Rimliler, öz gezeginde, olary Atlantika çenli ýaýradýarlar. Rim imperiýasy çynaryň ilkinji nahallaryny Aziýa we Afrika hem ýaýradýr.

Hindistanda bu daragt barada şeýle owadan rowaýat bar: «Gazaply imperator Aurangzebe onuň geňeşçisi Şrinagardaky iň uly we owadan metjidiň tutuşlygyna ýanandygyny habar berýär. Imperator oňa asla parham etmändir-de, «metjidiň öňündäki ençe asyr ýaşan çynar abatmy?» - diýip sorapdyr. Geňeşçisi näme üçin imperatoryň Hudaýyň öýüniň däl-de, agajyň aladasyny edýändigini soranda, ol: «Metjidi täzeden gurup bileris, ýöne agajy dikeldip bilmeris» - diýip jogap beripdir.

Çynar diňe bir uzak ýaşan daragt bolman, eýsem çalt ösýän agaçdyr, ony ekip köpeltmegem aňsat. Ekilen şahasynyň çalt kök tutuşy babatda çynar edil derek we leýlisaç ýalydyr. Dykyzlygy we owadanlygy bilen tapawutlanýan çynar agajy mebel ýasamakda ulanylýar.

Günorta Gününiň şöhlelerinden güýç alýan äpet çynarlara botanikaçylar degşip: «agyr agramly ösümlikleriň aýratyn agramlylar toparyndan» diýýärler. Rysarlaryň gerblerindäki geraldikada çynar ýurduň taryhy üçin uzak ömrüň we nesiller dowamatynyň wajyplygyny aňladypdyr.

Roman TEPLÝAKOW