Ï Rustam Annaberdiýew – Aziýanyň 89 kg agrama çenli iň güýçli alty ştangaçysynyň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rustam Annaberdiýew – Aziýanyň 89 kg agrama çenli iň güýçli alty ştangaçysynyň biridir

view-icon 2848

Türkmenistanly sport ussady Rustam Annaberdiýew şu günler Daşkentde geçýän Aziýanyň çempionatynda 89 kg agrama çenli agramda sebitiň iň güýçli türgenleriniň altylygyna girdi.

Olimpiýa kategoriýasyna girmeýän bu agramda 8 ýurtdan gelen 9 ştangaçy altyn medaly almak üçin bäsleşdiler.

Ilkinji synanyşykda Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby deslapky bellenen 195 kg agramy götermegi başardy. Ýöne ol soňraky synanyşyklarynda synanan 163 we 165 kg agramlaryna hötde gelip bilmedi.

Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Meretguly Sähetmyradowyň şägirdi ýaryşyň itekläp götermek görnüşi boýunça üç mümkinçiliginiň diňe birini peýdalanyp 192 kg-y götermegi başardy.

Netijede Rustam Annaberdiýew iki görnüş boýunça (351 kg, 159+192) öz hasabyna ýazyp, bu turnirde 5-nji orundaky Aziýa-2019-yň wise-çempioany eýranly Ali Miriden 12 kg, 4-nji orundaky Aziýa-2019-yň çempiony we 2019-njy ýylda IWF boýunça dünýä Kubogyny iki gezek eýelän Ýu Don Çžudan (Günorta Koreýa) 16 kg az agram göterip sebitiň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň altygyna goşuldy.

Bu agramda bürünç medala özbegistanly Sarwarbek Zafarjonow – (368 kg, 166+202), kümüş medala gazagystanly Nurgis Adiletguly – (372 kg, 169+203) mynasyp boldular. Rio-de Žaneýro Olimpiadasynyň çempiony, London Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi, dünýäniň iki gezek çempiony eýranly Kianuşu Rostami – (373 kg, 167+206) «altyna» eýe çykdy.

Daşkentde geçýän Aziýanyň çempionatynda olimpiýa agramyna girmeýän 82 kg çenli agramda zenanlar altyn medaly almak ugrunda bäsleşerler, oňa biziň ýurdumyzdan ildeşimiz Aýsoltan Açylowa gatnaşar.

 «AA» habarçysy