Ï Türkmen Lideriniň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen Lideriniň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar

view-icon 2109

Onuň Alyhezreti, 

doganym Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň hormatly kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdik.

Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgala agzalaryňyza we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy bildirýärin.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, goý, Allatagala oňa rehmet etsin!

Goý, Beýik Biribar Sizi gorasyn!

Siziň doganyňyz,

Iki mukaddesligiň hyzmatkäri,

Salman ben Abdel Aziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň hormatly kakaňyzyň — Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdik.

Biziň gynanjymyzy we tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlygymyzy kabul ediň.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, goý, Allatagala oňa rehmet etsin!

Haýsam bin Tarik,

Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ömrüni halka nusgalyk hyzmat etmäge bagyşlan Siziň hormatly kakaňyz

Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç we duýgudaşlyk bilen kabul etdim.

Şu agyr pursatda biziň ähli pikirlerimiz we dileglerimiz Siziň Alyhezretiňiz hem-de Siziň maşgalaňyz bilendir. Biziň tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlygymyzy we gynanjymyzy kabul ediň.

Merhumyň jaýy jennet bolsun!

Beýik Allatagaladan öwezini dolup bolmajak bu ýitgini çekmek üçin Size sabyr-kanagat bermegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Arif Alwi,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.