Ï Türkmen kinosy: geçilen şöhratly ýollar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kinosy: geçilen şöhratly ýollar

view-icon 9932

Aşgabatda ilkinji gezek kinolaryň 1926-njy ýylda görkezilip başlanandygyny bilýän adamlar az-azdyr, köpler bolsa megerem, bilýän hem däldir. Respublikanyň hökümetiniň kararyna laýyklykda täze kinofabrikanyň döredilen wagty şäheriň ady Poltoraskidi.  Bu ýerde ilki  dokumental lentalar surata düşürilýär. 1929-njy ýylda pagta ösdürmegiň wajypdygyna bagyşlanan Aleksandr Wladyçugyň «Ak altyn» atly ilkinji dokumental-çeper  filmi ekranlara çykýar. Ýörite döredilen wagyz ediji topar oba-şäher aýlanyp, bu film bilen ýerli ilaty tanyşdyrýar. 

Dogry, käbir taryhçylar ýa-da arhiwçiler ýurdumyzda kino sungatynyň 19-njy asyryň ahyrlarynda dörändigini çaklaýarlar. Şonda Ashabatda ( Aşgabat şäheriniň resmi ady tä 1919-njy ýyla çenli şeýledi) ilkinji kinozallary peýda bolupdyr, şolaryň birine «Моderna» diýilýän ekeni. Ýöne bulary tassyklaýan hiç hili maglumatlar saklanmandyr. Häzirkizaman kino sungatyny öwrenijiler bolsa  diňe ygtybarly faktlara esaslanmagy dogry bilýärler. 

Milli kino sungatynyň ilkinji ädimleri hakda teatr we kino artisti, Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew şeýle gürrüň berýär:

- Hakykatdanam, «Ak altyn» ilkinji dokumental-çeper film hasaplanýar, iki ýyl geçensoň režissýor Dmitriý Poznanskiý «Unutmak bolmaýar» atly ilkinji doly metražly çeper lentany  döredýär, gynandyrsa-da, onuň iki bölümi ýitirilipdir. Belkem şonuň üçin, köpler režissýor Aleksandr Ledaşşewiň şahyr Oraz Täçnazarowyň  «Batrak» poemasynyň esasynda döreden «Men gaýdyp gelerin» (1935 ý.) lentasyny ilkinji milli çeper filmleriniň hatarynda goýýarlar. Bu filmde batrak Gurbanyň ykbaly görkezilýär, ol söýen gyzyna öýlenmek üçin  adalatly jemgyýet gurmagyň hatyrasyna söweşijileriň-partizanlaryň arasyna goşulýar. 

1928-nji ýylda «Özbekkino» bilen bilelikde  «Ak altyn» hem-de «Gül we Italmaz» çeper filmlerini surata düşürmäge synanyşyk edilýär. Ýöne olaryň ikisi-de hiliniň pesligi sebäpli  ekranlara çykarylmaýar. Elbetde, ýörite hünäri bolmasa-da, ilkinji gezek türkmen höwesjeň artistleri – Babyş Orazow, Bäşim Gulmyradow we Hajy Nurbaý dagylaryň şol lentalarda surata düşendiklerini ýatlamak hökmandyr. 

Uruş başlamazyndan öň Aşgabat kinostudiýasynda köp filmler döredilýär we ilkinji gezek türkmen aktýorlary rollary ýerine ýetirýärler, soňra-da režissýor bolup ýetişýärler. Şolaryň içinde iň meşhurynyň Alty Garlyýewdigini aýratyn nygtamak ýerliklidir. Onuň kino sungatyndaky ilkinji rollarynyň biri Aleksandr Ledaşşewiň «Men gaýdyp gelerin» filmindäki  söweşjeň esgerdir.

1936-ny ýyl milli filmleriň sesli çykarylyp başlan ýylydyr. Kinogahrymanlar ekranda gürläp başlaýarlar. Şol ýyllarda režissýor Nikolaý Tihonowyň «Ýedi ýürekdeşi», režissýor Aleksandr Makowskiniň «Umbary», Ýewgeniý Iwanow-Barkowyň  «Dursuny» we başga-da ençeme  çeper kartinalar kinoteatrlaryň ekranlaryna çykarylýar. 

Onlarça ýyllar geçensoň «Umbar» filminde baş gahrymanyň roluny ýerine ýetiren  Irina Alimowanyň soňra meşhur razwedkaçy bolanlygy  bilindi. 

1936-njy ýylda «Sowet Türkmenistany» kinožurnalynyň ilkinji sany ekranlara ýaýraýar, diktor hökmünde oňa Alty Garlyýew ses berýär. Şol wagtdanam onuň kinosungatyndaky professional käri başlanýar. 

1938-nji ýyldan  başlap Aşgabadyň kinostudiýasynda ençeme meşhur filmler türkmen diline terjime edilýär. Bu işe rejissýorlar A. Geldiýew, H. Agahanow, şeýle-de ilkinji türkmen zenan-režissýory Ýazgül Şamyradowa dagylar gatnaşýar. 

Kynçylykly, agyr uruş ýyllarynda Aşgabat kinostudiýasynda beýleki respublikalardan gelen režissýorlar we artistler işleýärler. Şol ýyllarda ukrainaly kinoçylaryň «Polat nähili taplandy» (М. Donskoý), «Ukrainanyň sähralaryndaky partizanlar» (I. Sawçenko) lentalary döredýärler. 

1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň iki aý öňisyrasynda Ýewgeniý Iwanow-Barkow ilkinji türkmen sazly komediýasyny - «Uzakdaky gelinligi» tamamlaýar, onda, Alty Garlyýew baş gahrymanyň rolunda çykyş edýär. Onuň gahrymany – frontçy esger Kerim  gazetde suratyny gören gyzy bilen tanyşdyrmak üçin dosty Zahar Garbuzy  öz ýany bilen Türkmenistana alyp gaýdýar. 

1948-nji ýylyň oktýabrynda  kinostudiýanyň jaýynyň ýykylandygyna garamazdan,  kinoçylar işleriniň arasyny üzmeýärler. Kinožurnallary we dokumental filmleri surata düşürmek dowam edýär. 

1958-nji ýylda režissýorlar H. Agahanow we P. Syrow tarapyndan döredilen «Ilkinji synag» atly çeper filmde meşhur kinoaktýor Baba Annanow özüniň ilkinji kinoroluny oýnaýar.   

Geçen asyryň 60-njy ýyllary türkmen milli kino sungatynyň iň pajarlap ösen döwrüdir. Ençeme filmler halkara baýraklaryna mynasyp bolýar.  1963-nji ýylda Bulat Mansurow özüniň ajaýyp filosofiki filmini surata düşürýär. Onuň diplom işi – «Şükür bagşy» («Ýaryş») türkmen kinosyny bütin dünýä meşhur etdi. Filme Magtymguly adyndaky Halkara baýragy berildi. 

70-nji ýyllaryň ortalarynda Hojaguly Narlyýew   şahyrana  «Gelin» kinopoemasyny, «Aýal ata çykanda», «Ýok» diýmäni başar», «Jemalyň daragty» ýaly naýbaşy eserlerini döredýär. 

1975-nji ýylda ilkinji türkmen multfilmi - «Böwenjik» tomaşaçylara hödürlenýär, ony – halk ertekileriniň esasynda režissýor Möjek Çaryýew surata düşürýär.   

Orazgeldi Amangeldiýew sözüni dowam edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda kino sungatyna aýratyn üns berilýändigini gürrüň berýar: - Ýurdumyzda kinoteatrlaryň durky täzelenýär. Köne binalaryň ýerinde häzirkizaman, iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan kino we dynç alyş merkezleri guruldy. Oguz han adyndaky täzeden döredilen kinobirleşigi zehinli režissoýrlaryň iş ýerlerine öwrüldi. Onda Kerim Annanow, Osman Saparow, Saparmuhammet Jallyýew, Çary Işangulyýew we ençeme beýleki režissýorlar öz filmlerini döretdiler.  

 2008-nji ýylda Aşgabatda ilkinji gezek «Тürkmenistan we dünýä kinosungaty» şygarynyň astynda dokumental we gysga metražly  filmleriň Halkara kinofestiwaly geçirildi, ol ýurtda kino senediniň mundan beýläk ösdürilmegine uly itergi berdi». 

Bu gün türkmen kino sungatynda meşhur ussatlaryň  ornuna täze nesiller gelýär.  

«AA» habarçysy