Ï Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda birinji orunlaryň ýedisini eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda birinji orunlaryň ýedisini eýelediler

view-icon 5035

Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersitetiniň guran Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2021) ýurdumyzyň wekilleriniň 7-si ýeňiş gazandy we 26-sy baýrakly orunlary eýelediler.

Olimpiada dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 40-syndan jemi 350-den gowrak talyp gatnaşdy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisi güýçlileriň onlugyna girdi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bäşinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti – altyny orna mynasyp boldular.

Türkmenistandan Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Ramazan Bahtiýarow, Akmuhammet Akmyradow, Merdangeldi Baýramow, Myrat Sapaýew dagy  birinji orna mynasyp bolup,  ýokary netije görkezdiler. Ýokary derejeli baýraklaryň ýene üçüsini Perman Iljanow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Akmyrat Tirkeşow (ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty) we Gurt Döwletow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Mary ş.)  eýelediler.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplarynyň 6-sy ikinji we 3-si üçünji orna mynasyp boldular. Bu ýokary okuw mekdebiniň ýygyndy toparyny olimpiada matematika analizi kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow taýýarlady.

Ikinji ýerleriň 11-sini we üçünji orunlaryňam 6-syny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş.), Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat ş.) , Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň, energetika institutynyň (Mary ş.), inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary eýelediler.

Ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli derejeli diplomlar gowşuryldy. NCUMC-2021 olimpiadasynyň iňlis dilinde geçirilendigini hem aýtmak gerek, türkmen talyplary dil taýdan gowy taýýarlygyny görkezdiler. 

                                                                         Anastasiýa KASÝANOWA