Ygtybarly immunizasiýa ulgamy adamlaryň saglygynyň kepilidir

eye
633
Ygtybarly immunizasiýa ulgamy adamlaryň saglygynyň kepilidir

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Çäräniň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.

Immunizasiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmakda we raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakda hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde jemlenýär.

Türkmenistanyň ilaty ýokanç kesellerden goramak ugrunda sanjymlar tölegsiz esasda amala aşyrylýan ilkinji we ýeke-täk ýurt bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda immunizasiýa bilen gurşamagyň ýokary derejesi saklanylýar. Munuň subutnamasy hökmünde döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän degişli Milli maksatnamanyň çäklerinde çagalaryň immunizasiýasynyň ýokary görkezijileriniň saklanylýandygy üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň alyp barýan işi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Hökümetine 2019-njy ýylyň iýul aýynda gowşurylan ÝUNISEF-niň şahadatnamasyny bellemek bolar. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Döwlet öňüni alyş epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň düzüminde halkara ölçeglere kybap gelýän sanjymlaryň hem-de beýleki immunobiologiýa serişdeleriniň döwrebap ammarynyň döredilmegi hem ýardam berýär.

Immun öňüni alyş we olara ilatyň işjeň gatnaşmagy boýunça çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de arassaçylyk we epidemiýa garşy toplumlaýyn çäreleriň güýçlendirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde poliomiýelit, gökbogma, täjihoraz, bürme, gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keseller ýok edildi ýa-da seýrek ýagdaýlar görnüşinde bellige alynýar. 1997-nji ýyldan bäri, ýurdumyzda ýiti ysmaz poliomiýelitiň bellige alynmaýandygyny, 2002-nji ýylda bolsa BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana poliomiýelitden azat ýurt hökmünde şahadatnamanyň gowşurylandygyny ýatlap geçmek gerek.

2019-njy ýyldan başlap, öňüni alyş sanjymlarynyň tertipnamasy keselleriň 14-sine garşy sanjymlary geçirmegi göz öňünde tutýar hem-de ýene-de 3 sany, ýagny pnewmokokk we rotawirus ýokanjyna, ýokançly sarygetirmäniň A görnüşine garşy täze sanjymlar girizildi. Mundan başga-da, immunizasiýa Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda sarygetirme ýokanjyna garşy göreşmekde, ýetginjekleriň saglygyny goramak hem-de çaganyň dogulmagyna çenli we täze doglan çagalara kömek bermegiň hilini ýokarlandyrmak üçin şertleri üpjün etmekde ileri tutulýan beýleki maksatlara ýetmek ugrunda esasy strategiýanyň biri bolup durýar.

Immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän metbugat maslahatlarynyň, ugurdaş mazmunly «tegelek stollaryň», tele we radio gepleşikleriň dowamynda immun öňüni alşyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Saglyk öýlerinde immunizasiýanyň möhümdigi barada ilaty habarly etmek boýunça maslahat beriş otaglary hem-de degişli telefon nokatlary işleýär. Öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda, çagalara sanjym etmek işleri geçirilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň we degişli hünär ugurly okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda immunizasiýa meselelerine bagyşlanan ugurdaş bäsleşikler guralýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň başlangyjy bilen, 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi keselleri öňünden duýdurmak, her bir adamyň ömrüni goramak maksady bilen, ilata sanjym etmegiň ägirt uly ähmiýetine akyl ýetirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi