Ï Saglyga haýyrly gök önümler ýa-da ekarançylygyň geljegi uly ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglyga haýyrly gök önümler ýa-da ekarançylygyň geljegi uly ugry

view-icon 4570

Türkmen halkynyň ekarançylygynda peýdaly sypatlary bolan gök ekinleri ýetişdirmek möhüm orun tutýar. Gyzyl ýa-da gyrmyzy redis bilen birlikde turp hem Daşoguz welaýatynyň ilatynyň melleklerinde ýetişdirlýän ekin. Kelemler maşgalasyna degişli bu ekini ýerli ilat düzüminde witaminleriň we mikroelementleriň köplügi, şeýle hem uzak saklanylýanlygy üçin gowy görýär.

Turp wirusa we çişe garşy sypaty bilen tapawutlanýar, nerw ulgamynyň hem-de galkan şekilli mäziň işini kadalaşdyrýar. Bu ekiniň dürli görnüşleri ýürek-damar ulgamynda, dem alyş ýollarynyň kesellerinde, gan azlykda, ýokary gan basyşynda, daýanç-hereket agzalarynyň kesellerinde we beýleki näsazlyklarda netijelidir.

Ýerli bazarlarda turpyň birnäçe görnüşi gabat gelýär. Olaryň arasynda peýdaly häsiýetleri bilen tapawutlanýan ýaşyl we ajy ak görnüşleri bar. Soňky döwürde himiki düzümleriniň deňagramlylygy üçin ekinlerden iň haýyrlysy hasaplanylýan gara turp hasam giň ýaýrady.

Oba ilatynyň käbiriniň ýetişdirýän şalgamy hem witaminlere baýdyr. Onuň düzüminde polisaharidler we kletçatka kändir. Şalgamyň bedendäki kömeleklere garşy we antibakterial häsiýertleri bar, onuň datly tagamy bolup, kaloriýasy pesdir. Ol käbir tagamlarda ýokary glikemiýaly kartoşka derek ulaylýar.

 Batyr ÖRÄÝEW