Ï Çakan - atlar: seýrek duşýan ahalteke bedewlerdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çakan - atlar: seýrek duşýan ahalteke bedewlerdir

view-icon 3123

Biz ahalteke bedewlerine guwanjymyzy we buýsanjymyzy beýan edemizde: «behişdi», «ganatly», «wepadar», «Süleýmanyň tagty» ýa-da şulara meňzeş epitetleri ulanýarys. Şeýle çeper sypatlandyrmalary halkyň içinde «Çakan» diýip at alan, aksowult-melemtil öwüşginli örän seýrek duşýan atlar barada-da aýtmak mümkindir.

Şeýle ýumşak sütükli, gözleriniň ýorkasy täsin mawy reňkli bedewler gözelligiň aňrybaş nusgasy hökmünde soltan-patyşalara mynasyp saýylypdyr. Bu zynatly, göze ýakymly atlary häzirki döwürde arap şeýhleri has gowy görýärler, Ýewropada weli olara diňe tohumçylyk zawodlarynda duş gelmek bolýar.

Çakan atlaryň reňkine - Izabellanyň öwüşgini hem diýýärler. Şeýle owadan tohumdan ýaýran atlaryň taryhyna 5 müň ýyldanam köp wagt geçse-de, olaryň üýtgeşik reňkine Izabellanyň öwüşgüni diýilmegi Ispaniýanyň şazada zenanynyň ady bilen baglanyşykly. Käbir hünärmenler – izabel öwüşginleri türkmen atlaryny tanyşdyryjy çakylykhat hasaplaýarlar.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, Ispaniýanyň patyşasy Belgiýanyň deňiz duralgasyny basyp almak üçin harby ýörişe çykanda, tä, ol yzyna dolanyp gelýänçe aýaly ýatanda geýýän köýnegini çykarmajakdygyna söz berýär. Ispanlar üç ýyllap deňiz duralgasynyň daşyny gabaýarlar, şonça wagtlap şazada zenan beren wadasynda berk durýar. Patyşa öýüne gaýdyp gelende, aýalynyň şol öňki ap-ak içki köýneginiň aksowult-melemtil reňke öwrülenini görýär...

Statistiki maglumatlar boýunça ahalteke atlarynyň diňe 2,5 %-den çakan-aksowult taýlar dogulýar. Olaryň üýtgeşik reňkiniň nesilden-nesile geçişini subut edýän ylmy-barlaglardan geçirilensoň bu bedewler hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Izabellanyň öwüşgini diňe bir daşky görnüşi boýunça häsiýetlendirilmeýär, häzirki wagtda atlaryň nesil öndürijilik ukybynyň doguljak taýlaryň reňkine näderejede täsir edýänligi hem barlagdan geçirildi. Atşynaslyk tejribelerinde daşyndan çakan atlara reňkdeş başga-da birnäçe bedewlere gabat gelinýär, ýöne barybir olaryň her birine mahsus içki, kesgitli aratapawutlary bardyr.

Izabel öwüşginli atlaryň nusgawy ölçegine diňe ahalteke bedewleriniň sypatlary laýyk gelýär diýlip ykrar edilýär. Bu ilkinji nobatda ençeme asyrlardan bäri olaryň tohumynyň garnawsyz, sap, arassa saklanyp gelinmeginiň netijesidir.

Bilermenleriň pikirine görä, çakan atlar- izabel öwüşginli bedewler – örän owadan, adam ýaly duýgur, ýagşy gylyk-häsiýetli we aňyllydyr. Olar eýesine wepadar, endik öwretmäge we tälim bermäge amatly.

Tebigatyň bu janly gudratyny asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen türkmen halky üçin bedew atlar hemişe maşgala agzasynyň biri hasaplanýar, kyn pursatlarda ýoldaşyň, wepadar dostuň derejesinde eý görülýär, olar milletiň buýsanjy we goşa ganatydyr.

Ogulgözel REJEPOWA