Seýilgäh, suw çüwdürimleri we heýkel toplumlary merjen paýtagtymyzyň göwher gaşydyr

eye
435
Seýilgäh, suw çüwdürimleri we heýkel toplumlary merjen paýtagtymyzyň göwher gaşydyr

Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözellikleriň suwly görnüşlerini emele getirip, binagärlik keşpleri bilen paýtagtymyzyň gurşawynyň ajaýyplygynyň üstüni ýetirýär. Olar durmuş nukdaýnazaryndan dynç almak we gezelenç etmek üçin ýer hökmünde we ekologiýa babatda ýumşak, oňaýly mikroklimaty emele getirýän düzümler hökmünde şäheri ösdürmegiň möhüm ugruna öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe uly üns berýär.

Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde — meýdançalarda we şaýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalarynyň we aýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň öňünde we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde görmek bolýar. Çäkleriniň köp bölegini dünýäniň iň uly sähralarynyň biri eýeleýän ýurdumyzyň gurak zolakly şertlerinde çüwdürilýän suwlardan döredilen haýran galdyryjy şunuň ýaly tomaşalar ýaşaýyş we bereket hem-de daşky gurşawyň gözelligini bagyş edýän suw bolçulygy baradaky arzuwlaryň yhlasly zähmet bilen hasyl bolandygynyň ajaýyp nyşanydyr.

Aşgabat ilatyň jan başyna suw çüwdürimleriniň iň köp möçberiniň jemlenen paýtagty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna nobatdaky gezek girmäge hemme esaslara eýedir. Onuň “Oguz han” suw çüwdürimleri-heýkeller toplumy jemgyýetçilik ýerinde suw çüwdürimleriniň iň köp jemlenen ýeri hökmünde eýýäm bu neşire girdi.

Ýylyň hemme döwürlerinde we gije-gündizlerde suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň owadan görnüşleriniň gymmatly bezeg aýratynlyklary bolup hyzmat edýär, ýöne has-da agşamlaryna, haçanda, olaryň çüwdürilýän akymlary yşyklandyrmalaryň şöhlelerinde älemgoşaryň ähli reňklerinde öwşün atanda, göýä haýran galdyryjy genji-hazyna öwrülýär. Olar seýilgähler, tebigy gözellikler bilen birlikde, hakyky şäher gurşawyny, jemgyýetçilik giňişligine çeper mazmun bermek sungatyny emele getirýär. Şunuň bilen birlikde, bu sungat eserleriniň kompozisiýa we gözellik çözgütleri milli öwüşginleri, nyşanlary beýan edip, däp bolan türkmen nagyşlaryny şöhlelendirýär, şonda Oguz hanyň sekiz burçly şugla saçýan ýyldyzy esasy aýratynlyk bolup ýüze çykýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat özüniň çeper-gözellik keşbini düýpli özgertdi. Bu ýerde adamyň we giňişligiň sazlaşygyny döredýän täze seýilgählerdir ýaşyl zolaklar peýda boldy, ençeme heýkel ýadygärlikleri, binalar gurlup, döwrüň ruhuny beýan edýän şäher gurşawynyň manyly keşbine, onuň ajaýyp görküniň täze nurana öwüşginlerine öwrüldi.

Bu keşpler toplumynda Bagtyýarlyk şaýolunyň ugrundaky aýlawly awtomobil ýolunyň merkezinde howalanyp duran “Arkadag” binasy aýratyn orun tutýar. Şu atlandyrmalaryň arabaglanyşygynda halkyň we onuň Lideri — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jebisliginiň mazmuny, Watanymyzyň abadançylygy ugrundaky aladasy hem-de maksady, ähli türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny gazanmakdan ybarat bolan syýasaty alyp barýandygy üçin buýsanç we tüýs ýürekden hoşallyk duýgulary jemlenendir.

Heýkelde döwlet Baştutanymyzyň türkmenler üçin kalbyň ganatyna deňelýän bedewiň üstünde şekillendirilmeginiň aýratyn manysy bar. Öňe okgunly hereket etmäge ymtylýan at döwleti has-da ösdürmegiň alamatydyr. Ak kepderi bolsa parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup, munuň özi bitaraplyk we ylalaşdyryjylyk ýörelgelerine laýyk gelýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän wagtynda ähli türkmenistanlylaryň hakydasyna ornan anyk görnüşler Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew üçin bu keşbi döretmekde esasy pikir bolup hyzmat etdi. Şonda bedew üstünde barýan döwlet Baştutanymyzyň egnine ak kepderi gelip gondy. Bu ýagdaýy dünýäniň köp halklary gadymy döwürlerden bäri gudratyň nyşany hökmünde kabul edýärler. Bu binanyň mazmuny türkmen döwletliliginiň, Garaşsyzlygynyň, oňyn Bitaraplygynyň ruhuny, ata-babalarymyzyň ruhy wesýetleriniň dowamat-dowamdygyny hem-de döretmegiň joşgunly äheňini, erki we ynamy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji, özgerdiji güýjüni beýan etmäge gönükdirilendir. Hut şu düşünjeler hem bu kompozisiýanyň esasy özenini, onuň Türkmenistanyň beýik maksatlara we üstünliklere tarap haýran galdyryjy gadamlaryny beýan edýän publisistik maksadyny emele getirdi.

Soňky ýyllarda Aşgabatda, şol sanda awtomobil ýollarynyň aýlawly çatryklarynda ýerleşdirilen ençeme binagärlik kompozisiýalarynyň abadançylygy we parahatçylygy, türkmen topragynda dabaralanýan belent gymmatlyklary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanyp, gülläp ösýän döwletde bagtyýar we erkin ýaşaýan halkymyzyň ynsanperwer maksatlaryny beýan edýän özboluşly manylary bar.

Watanymyzyň ähli künjeklerini, şol sanda ýurdumyzyň baş şäherini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmekde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresine uly orun berilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşyl zolakly toplumlaryny giňeltmek boýunça işlere köpçüligi çekmegiň zerurdygyny belläp, bezeg, miwe baglaryny toprak-howa şertlerine laýyklykda ekmegiň we soňra olara degişli derejede ideg etmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Gülçülik hojalyklary hem uly orun tutýar. Olar bägüllerden, çopantelpek güllerinden, kalenduladan, gladioluslardan, hrizantemalardan hem-de köp sanly beýleki güllerden Aşgabadyň owadan bezegini döredýärler.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç alýan iň söýgüli ýerleriniň biri “Ylham” seýilgähidir. Biziň döwrümiziň beýik döredijilik ruhuna şeýle laýyk gelýän başga sözi tapmak kyndyr.

Ajaýyp çeper-seýilgäh toplumynyň esasynda goýlan pikir binagärlik heýkel serişdeleri arkaly türkmen halkynyň medeni we ruhy taryhynyň özboluşly senenamasyny döretmekden ybaratdyr. Şolar milli mirasyň dürli çäklerini: häzirki zaman edebiýatyny, nusgawy şygryýeti, pelsepäni, ylmy pikiri... beýan edýär.

Açyk asmanyň astyndaky özboluşly taryhy-çeper muzeýde kyrkdan gowrak heýkeller jemlenipdir, olara köp sanly suw çüwdürimleri aýratyn gözellik çaýýar. Olar agşamlaryna yşyklandyrmalar arkaly we sazlaryň ýaňlanmagy bilen seýilgähi ertekilerdäkä çalymdaş gözellige öwürýär. “Ylham” seýilgähi ýakymly hyýallaryň ummanyna atarýar. Onuň iki tarapynyň ugrunda-da uly şäheriň durmuşy gaýnap-joşýan bolsa-da, bu ýerde wagt hereket etmegini peseldýän ýaly, şahyrana tolkunlara ataryp, kalbyňy nurana ylham duýgulary bilen baýlaşdyrýar.

Binagärlik-seýilgäh toplumy paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň bezegi bolup durýar. “Ak şäherim Aşgabat” atly bina onuň esasyny düzýär. Onuň ýokarsynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillendirilipdir. Aşgabadyň «Aşyklar şäheri» diýlip atlandyrylmagyndan gelip çykýan söýgini alamatlandyrýan, altyn çaýylan ýüregiň şekili binanyň möhüm bölegi bolup durýar. Binanyň esasy sütüninde dikligine ýerleşdirilen göl şekilleriniň içinde altyn harplar bilen haşamlanan “Aşgabat” sözi ýazylypdyr. Binanyň esasy bölüminde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini aňladýan açylan kitabyň görnüşi ýerleşdirilipdir.

Binanyň töweregi suw çüwdürimleriniň toplumy bilen gurşalypdyr. Suwuň ýokarlygyna çüwdürilýän şekilleri sazlaşykly hereketiň, durmuş ösüşiniň nyşanyny özünde jemleýär. Köpöwüşginli gül aýmançalary we ýaşyl meýdançalar, bezeg agaçlary bu ýeriň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de aşgabatlylaryň öz şäherine alada we söýgi bilen garaýandygyny alamatlandyrýar.

Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda 30 million düýp bag nahallary ekiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şolaryň ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümleriň 10 million düýp nahalyny ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Aşgabat şäher häkimligi oturdarlar.

Şäheriň taryhynda, onuň durmuşynyň dowamynda köp zat üýtgedi. Diňe bir zat üýtgewsiz galdy — hemme döwürlerde aşgabatlylar öz şäherini tüýs ýürekden we mähirli söýüp ýaşadylar, häzir bolsa milli Liderimiziň döredijilik zehininiň netijesinde, türkmenistanlylarda bu duýgy has-da artdy.

Biz gözellik nury bilen öwşün atýan merjen paýtagtymyza — Aşgabadyň görküne buýsanýarys. Häzirki zaman seýilgähleri, suw çüwdürimleri hem-de heýkel toplumlary şol gözellik nuruna öwrüldi we hemişe şeýle bolmagynda galar.