«Рegtaým» toparynyň çykyşy: jaz sazlarynyň jadylaýjy owazy

eye
139
«Рegtaým» toparynyň çykyşy: jaz sazlarynyň jadylaýjy owazy

Jaz sazlarynyň konserti – bu sazandalaryň we diňleýjileriň joşgunly duýgylarynyň özara gatnaşygynyň iň ýokary derejä göterilýän pursatydyr. Şol pursatlarda saksofonyň «labyzly sesi», deprekleriň kadaly sazlaşygy we «ýogyn sesli» bas -gitaranyň özüne çekiji şabram kakuwlary Aşgabatly saz muşdaklaryny JAZZ stilindäki äheňleriň täsin dünýäsiniň jümmüşine alyp gidýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň talyplarynyň bu ýokary okuw jaýynyň Kiçi zalyndaky çykyşy bu ýere ýygnanan diňleýjileriň göwnünden turdy.

Döredijilik okuw jaýynyň zehinli ýaşlary diňe bir nusgawy-akademiki çazlary öwrenmek bilen çäklenmän, özleri üçin häzirkizaman sazlarynyň dürli ugurlarynyň, şol sanda, geçen asyryň 20-nji ýyllarynda bütin dünýä giňden ýaýran JAZZ žanrynyň syrly ýollaryny hem açýarlar.

Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň ýanynda talyplaryň kompozitor Uolter Donaldsonuň dünýä belli saz eseri bilen adybir - «Regtaým» atly sazçylar topary döredildi.

Toparyň döremeginde konsenwatoriýanyň mugallymy Natella Bagyrowanyň ýadawsyz zähmetiniň we guramaçylyk tagallasynyň uly paýy bar. Tejribeli mugallymyň özi estrada we jaz sazlarynyň janköýeri bolansoň, şol döwrebap saz dünýäsinden ilkinji ädimlerini ädýän höwesli ýaşlara halypalyk goldawyny berýär, munuň bilen hem oňman, talyplar bilelikde sazanda hökmünde-de çykyş edýär.

– Geçen ýylyň maý aýynda biz ilkinji gezek çykyş etdik. Ilkinji synanyşygymyz bize üstünlik getirdi– diýip Natella Bagyrowa gürrüň berýär. - «Regtaým» saz eserini ýerine ýetirişimiz biziň toparymyzyň ýüzüni görkezdi diýsem ýalňyş bolmasa gerek. Şu günki çykyşymyza-da biz ýadawsyz taýýarlandyk, diňleýjileriň halaýan kompozisiýalyryny, mysal üçin Adolf Şraýneriň klarnet üçin ýazan degişme-gülküli fantaziýasyny olara hödürlemekçi.

Bu özboluşly sazy Baba Muhammedow ýerine ýetirdi. Çykyşynyň dowamynda sazanda klarnetini söküp, bäş sany aýry-aýry böleklere böldi. Ýöne şonda-da saz ýaňlandy. Hat-da, ýaş zehinli sazandanyň elinde klarnetiň iň soňky bölegi - diňe müşdügi galanda-da şol ganatly sazyň ýaňynyň arasy üzülmedi. Sazandanyň şeýle «jadyly tilsimine» haýran galan tomaşaçylar ýerli-ýerden: «Berekella!» - diýip, oňa uzak wagtlap şowhunly el çarpdylar.

Şu ýyl okuwyny tamamlaýan Baba Muhammedow bu ýere ýygnananlary ýeke bir ussatlygy geň galdyrman, eýsem olary tolgundyrmagy-da başardy. Sazanda tomaşa zalynda onuň çykyşyny görmäge gelen ejesini doglan güni bilen gutlap, öz täze döreden aýdymyny aýdyp berdi we oňa ajaýyp gül dessesini gowşurdy. Talyp ýaşlaryň çykyşyna tomaşa etmäge gelenler şeýle tolgundyryjy pursatda köpçülikleiýn sazlaşykly çapak çalyp eneli-ogluň şatlygyna goşuldylar.

Aýdym-sazly çykyşyň liriki äheňini dowam edip sazandalar diňleýjilere Jeýms Horneriň adybelli «Titanik» kinofilmine döreden sazyny-da çalyp berdiler. Iki saksofonyň özara goşulyşmagynda we olaryň iň ýokarky perdelerde ýaňlanýan seslerini fortepianoda ýerine ýetirilen improwizasiýalary has-da belende göterilip, zalyň içini göçgünli owazlaryň dünýäsine gaplady. Jaz topary şeýle özüne maýyl ediji pursatlary Maýkl Jeksonyň, Isaak Dunaýewskiniň, Jo Garlendiň, türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň we beýleki kompozitorlaryň ilhalar eserleri bilen dowam etdiler.

Diňleýjiler şeýle gyzykly medeni çäräni guranlygy üçin Natella Bagyrowanyň, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, konserwatoriýanyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti Berdinyýaz Rejepmedowyň, şunýň ýaly-da ýaş, zehinli sazandalaryň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Swetlana ÇIRÇOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN