Eýranly tennisçiler Aşgabatda geçiriljek Dewis Kubogynyň sebitleýin ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar

eye
400
Eýranly tennisçiler Aşgabatda geçiriljek Dewis Kubogynyň sebitleýin ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar

Eýran Yslam respublikasynyň Tennis federasiýasy Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň Dewis Kubogynyň saýlama bäsleşigine gatnaşmagyň çäginde milli toparyň düzülmegine girişilendigi we ilkinji ýygnanyşyga başlandygy barada habar berdi.

Eýran Yslam respublikasynyň Tennis federasiýasynyň internet portalynyň habar bermegine görä, maý aýynda Tähranda erkek tennisçileriň arasynda ilkinji seçip alma ýaryşlar geçiriler. Türgenleriň iň ökdeleri ýygyndy toparyň düzümine giriziler.

Eýranyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisine Äkbär Taheri, türgenleşdirijiniň wezipesine bolsa Färşad Tälawär bellendi.

Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň Dewis Kubogynyň saýlama bäsleşikleriniň 2021-nji ýylyň 6 – 12 sentýabrynda Aşgabatda geçjekdigini ýatladýarys.

Janmämmet GULAMOW